Sepleriň elýeterliligi

logo-print

NATO: Ulaglara hüjüm edildi


Pakistanyň günorta-günbatarynda NATO-nyň ýangyç daşaýan tankerleri ýaraglary adamlaryň hüjümine sezewar boldy. Gije hüjümçiler Pakistanyň Karaçidäki deňiz portundan Owganystana barýan 15 sany ulagdan ybarat kerweni oka tutdular.

Resmileriň aýtmagyna görä, hüjümiň netijesinde bir maşyn sürüjisi atylyp öldürilipdir we sekiz sany ulag ýanypdyr. Bu waka Pakistanyň Owganystan we Eýran bilen serhetdeş Bulujystan regionynyň paýtagty Kwettadan 300 kilometr uzaklykda bolupdyr.

Bu hüjümiň jogapkärçiligini öz üstüne alan bolmady. Geçmişde şeýle hüjümleri “Talyban” hereketi ABŞ-nyň ýolbaşçylygynda Owganystanda söweşýän NATO güýçleriniň üpjünçiligini gowşatmak üçin amala aşyrypdy.

Pakistan bilen ABŞ-nyň arasynda 2015-nji ýyla çenli NATO-nyň üpjünçilik ulaglarynyň Pakistanyň üstünden Owganystana geçmegine rugsat berýän ylalaşyk bar.
XS
SM
MD
LG