Sepleriň elýeterliligi

Lukaşenko Antinobel baýragyna eýe boldy


Belarusyň prezidenti Aleksandr Lukaşenka 2013-nji ýylyň parahatçylyk boýunça Antinobel baýragy berildi. Nobel baýragyna ýaňsylama hökmünde döredilen bu baýrak Garward uniwersiteti tarapyndan döredildi.

Dünýäde iň şübheli üstünlikler üçin berilýän bu halkara baýragynyň Lukaşenka berilmegine onuň köpçülikde el çarpmagy gadagan etmeginiň sebäp bolandygy aýdylýar. Lukaşenko şeýle karary 2011-nji ýylda Belarusyň oppozisiýasy el çarpmak arkaly protest bildirip geçiren aksiýasyndan soň yglan edipdi.

Baýragyň guramaçylary bir goly bolmadyk adamyň el çarpmakda aýyplanyp, Minskiň sudy tarapyndan jerimä höküm edilmegi bilen bagly wakany aýratyn belläp geçdiler. Antinobel baýragy “başda adamlary güldürýän, emma yzýany oýlanmaga mejbur edýän wakalary bellemek üçin döredildi.
XS
SM
MD
LG