Sepleriň elýeterliligi

logo-print

UNISEF: Çagalaryň ölüm derejesi peseldi


BMG 1990-njy ýyldan bäri dünýä derejesinde bäş ýaşyna ýetmedik çagalaryň ölüm derejesiniň iki esse peselendigini aýdýar.

Şol bir wagtda-da BMG-niň UNISEF çagalar fondunyň anna güni çap eden täze hasabatyna görä, geçen ýylda dünýäde 6.6 million çaga bäş ýaşyna ýetmän ýogalypdyr. Bu san dünýäde günde 18 million çaganyň aradan çykandygyny aňladýar.

Çaga ölüminiň iň ýokary derejesiniň Afrikada we Aziýada hasaba alynandygy habar berilýär. Bäş ýaşyna ýetmän ýogalan çagalaryň ýarysynyň Nigeriýadan, Kongodan, Hindistandan, Pakistandan we Hytaýdandygy aýdylýar.

BMG-ä görä, çaga ölümine ilkinji nobatda öýkençişmesi, içgeçme we gyzdyrma ýaly keseller sebäp bolupdyr.

Çaga ölüminiň derejesiniň ozalkysyna garanda peselmeginiň BMG-niň Müňýyllygyň ösüş maksatnamasynda göz öňünde tutulan maksatlara ýetmek üçin ýeterlik däldigi bellenýär. BMG eger global jemgyýetçiligi zerur çäreleri amala aşyrmasa 2015-2028-nji ýyllaryň aralygynda ýene 35 million çaganyň ýogalmagynyň ähtimaldygyny duýdurýar.
XS
SM
MD
LG