Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Orsýet bilen ABŞ ylalaşyga geldi


Orsýetiň daşary işler ministri Sergeý Lawrow bilen ABŞ-nyň döwlet sekretary Jon Kerri, Ženewa, 13-nji sentýabr, 2013.
Orsýetiň daşary işler ministri Sergeý Lawrow bilen ABŞ-nyň döwlet sekretary Jon Kerri, Ženewa, 13-nji sentýabr, 2013.
Birleşen Ştatlar we Orsýet Siriýa 2014-nji ýylyň ortasyna çenli öz himiki ýaraglaryny ýok etmek ýa-da aýyrmak üçin wagt bermek barada ylalaşyga geldi.

ABŞ-nyň döwlet sekretary, orsýetli kärdeşi Sergeý Lawrow bilen Ženewada üç günläp gepleşik geçiren Jon Kerri şenbe güni bu ylalaşyk esasynda Damask bir hepdäniň içinde öz ähli himiki ýaragy barada doly maglumat bermeli diýdi.

Eger-de Damask bu talaby ýerine ýetirmese, Kerri iki tarapyň BMG-niň Howpsuzlyk geňeşinden harby çäre görülmegine ygtyýar almak barada hem ylalaşyga gelendigini aýtdy.
ABŞ-nyň döwlet sekretary Jon Kerri (Ç) BMG-Arap ligasynyň Siriýa boýunça ýörite wekili Lakdar Brahimini (O) gujaklaýar, sagda Orsýetiň daşary işler ministri Sergeý Lavrow, 13-nji sentýabr, 2013.
ABŞ-nyň döwlet sekretary Jon Kerri (Ç) BMG-Arap ligasynyň Siriýa boýunça ýörite wekili Lakdar Brahimini (O) gujaklaýar, sagda Orsýetiň daşary işler ministri Sergeý Lavrow, 13-nji sentýabr, 2013.

Şeýle-de Kerri Damaskyň öz ähli himiki ýaragyny tabşyrmalydygyny nygtady:

"Biz Assad režiminde bar bolan himiki ýaraglaryň möçberi we görnüşleri barada umumy bir netijä geldik. Onsoň biz şol ýaraglaryň gyssaagly ýagdaýde halkara jemgyýetçiliginiň kontrollugyna berilmegini gazanjak bolýarys."

Iki ýurduň baş diplomatlary bu ylalaşygyň Siriýa tarapyndan ýerine ýetirilmeli prosedurasyny we olaryň wagtyny hem öz içine alýandygyny aýtdylar.

Gelnen ylalaşyk ýarag inspektorlarynyň noýabrdan gijikmän Siriýada, iş başynda bolmagyny hem nazarda tutýar. Kerri olaryň wezipesiniň Siriýanyň himiki ýaraglaryny 2014-nji ýylyň ortasyna çenli doly ýok edip ýa-da başga ýere aýryp gutarmakdan ybaratdygyny aýtdy.

Pitneçiler razylaşmaýar

Emma muňa garamazdan, pitneçi Azat Siriýa goşuny şenbe güni Kerri we Lawrow tarapyndan yglan edilen ylalaşygy ret etdi we prezident Başar al-Assady agdarmak ugrundaky soweşi dowam etdirmegi wada berdi.

Azat Siriýa goşunynyň komandiri Salim Idris Stambulda guralan metbugat ýygnagynda Orsýet-Amerikan ylalaşygy «diňe wagt utmaga çalyşýar» diýdi.

Soňundan bolsa ol: «Biz bu inisiatiwany doly inkär edýäris we režimi ýykmak ugrundaky söweşimizi dowam etdireris" diýdi.

BMG anna güni Siriýanyň 1997-nji ýylyň Himiki ýaraglar konwensiýasyna goşulmak barada resmi taýdan arza berendigini aýtdy, emma onuň kabul edilendigini tassyklamady.

BMG 30 aýlyk konfliktde 100 müňden gowrak adamyň öldürilendigini, 2 million adamyň bolsa Siriýadan gaçyp çykandygyny aýdýar.
XS
SM
MD
LG