Sepleriň elýeterliligi

Hytaý täsirine kim nähili garaýar?


Maniža, medisina studenti, Duşanbe, 13-nji sentýabr, 2013.

Maniža, medisina studenti, Duşanbe, 13-nji sentýabr, 2013.

Merkezi aziýalylaryň arasynda öz ýurtlarynda Hytaýyň täsiriniň artyp barýanlygy baradaky aladalar käwagt, mysal üçin, ýerlerdäki işleriň hytaýlylara berilmegi bilen bagly protestler mahalynda, öň plana çykýar.

Emma Azatlyk we Azat Ýewropa radiosynyň Hytaýyň prezidenti Si Jinpiňiň bu sebite eden tüweleýli saparyndan öň geçiren erkin pikir soraşlygy ýönekeý raýatlaryň Pekiniň Merkezi Aziýadaky ykdysady we medeni gatnaşygyny bolmaly zat hasaplaýandygyny görkezdi.

Jibek, ofisiantka, Bişkek:

"Meniň pikirimçe, biziň Hytaý ýaly ösen ýurt bilen hyzmatdaşlyk etmegimiz örän gowy zat. Men Gyrgyzystanyň ýewropa ýurtlary bilenem gowy gatnaşykda bolmagyny arzuw edýärin. Meniň özüm hytaýlylar bilen işleşýärin. Onsoňam biz ähli harytlary diýen ýaly Hytaýdan alýarys."

Maniža, medisina studenti, Duşanbe:

"Hytaý bize pul berýär, emma soň Täjigistana hytaýly işçileri getirip, ol puly yzyna, Hytaýa alýar. Hytaýly adamlar Täjigistandaky işleri alýarlar, täjikler bolsa Orsýetden iş gözlemäge mejbur edilýär."

Pensioner aýal, Gazagystan

Pensioner aýal, Gazagystan

Dynç alyşdaky aýal, Almaty:

"Men öz şäherimizde hytaýlylary hemme ýerde, bazarlarda, dükanlarda, köçelerde we duralgalarda köp görýärin. Men indi bu ýerde köp hytaýly ýaşaýar diýip pikir edýärin, sebäbi men şäheriň merkezinde ýaşaýaryn we olary hemme wagtda görýärin. Olar köplenç salyhatly görünýän, penjek geýen ýaş adamlar. Bu olaryň bir ýerlerde işleýändigini aňladýar."

Dawlat Usmon

Dawlat Usmon

Dawlat Usmon, Täjigistanyň ozalky ykdysadyýet ministri, Duşanbe:

"Merkezi Aziýanyň gowşak ykdysadyýeti Hytaý ýaly jomart donora mätäç, onsoň Hytaýyň maýalary biziň ýurdumyz üçin gowy. Emma muňa garamazdan, Hytaýyň hakyky strategiýasy sebitiň tebigy serişdelerine el ýetirmekden ybarat."

Ruslan, Bişkek

Ruslan, Bişkek

Ruslan, Bişkek:

"Eger biziň strategiki partnerlygymyz Gyrgyzystanyň bähbitlerine zyýan etmese, onda biz muny goldap bileris. Hytaý biziň ýurdumyzy tranzit zonasy edip ulanmak isleýär. Biziň umumy bähbidimiz bar."

Şahnoza Kamiljanowa, Täjik döwlet uniwersitetiniň studenti, Duşanbe:

"Biz hytaý-täjik gatnaşyklarynyň giňmeginden zyýan görmedik we hemişe peýda tapdyk. Hytaý Täjigistana örän köp kömek edýär."

Almatynyň ýaşaýjysy

Almatynyň ýaşaýjysy

Adyny aýtmadyk aýal, Almaty:

"Men hytaýlylaryň bu ýerde işlemegine garşy däl. Meniň üçin ähli adam bir meňzeş. Olar meni aladalandyranok."

Hudaýberdi Orazow, Merkezi bankyň öňki başlygy, Aşgabat:

"Haçanda Türkmenistan Hytaý bilen biznes edende, Pekin kredit bilen üpjün edýän ýurt. Proektleri hytaý kompaniýalary alyp barýar, olar geçirijileri gurýar, olar ähli zada kontrolluk edýär. Onsoň bu ýerde sorag döreýär: bu proektleriň eýesi kim? Türkmenistanyň beýleki ýurtlar bilen biznes etmek medeniýeti garaşsyz bir ýurda gelişýän zat däl. Bu üýtgedilmeli."

Bežan Beknazar, sürüji, Duşanbe:
Bežan Beknazar

Bežan Beknazar


"Hytaýyň puluna ýollary, jaýlary, zawodlary gurmak gowy zat. Emma ol pullaryň karzdygyny we ir ýa giç Hytaýa, yzyna tölenmelidigini ýadyňdan çykarmaly däl."

Serdar, dükançy, Türkmenabat:

"Men Türkmenistana gelýän hytaýlylaryň sanynyň köpelip barmagyna garşy. Men hytaýlylyar şeýdip gelmegini dowam etse, türkmenler ýiter diýip gorkýaryn. Hytaýyň bir ýarym milliardan gowrak ilaty bar [Hytaýyň ilaty 1.35 milliard diýip hasaplanýar], emma biziň ilatymyz diňe 5 million töweregi. Eger hytaýlylar gelmegini dowam etse, türkmenler ýuwaş-ýuwaşdan ýitirim bolar."

Janyş, Bişkek:
Janyş, Bişkek

Janyş, Bişkek


"Birleri Hytaý bilen köp we gowy biznes edip biler. Emma biz entek örän seresap bolmaly. Olara gaty golaýlamak gowy zat däl. Olaryň bir milliarddan gowrak ilaty bar. Hytaýdan käbir howply zatlar gelýär."
XS
SM
MD
LG