Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Kolorada sil geldi


Birleşen Ştatlaryň günbatar ştaty bolan Kolorada gelen sil bäş adamyň ölümine sebäp boldy.

Boulder sebitiniň resmileri bu töwerege bir günde ýagan ýagşyň kadaly ýagdaýda bir ýylda ýagýan ýagşyň ýarysyna golaý bolandygyny aýtdylar.

Penşenbe güni, hasaplamalara görä, 38 santimetr töweregi ýagşyň ýere düşendigi aýdylýar.

Ewakuasiýa edilen müňlerçe adam kenaryndan çogmaga ýakyn derýalar bilen gabalan şäherlerde penalar ýaly ýer gözlemeli boldy.

Prezident Barak Obama adatdan daşary ýagdaý düzgünini yglan etdi.

Howa gullugy agyr ýagşyň bu sebitiň birnäçe ýerinde anna güni giçlik hem dowam etjege meňzeýändigini habar berdi.
XS
SM
MD
LG