Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Biletler güýjünde galýar


«United Airlines» şu hepde özüniň ýalňyşlyk bilen mugt diýen ýaly beren biletlerini güýjünde galdyrjagyny aýdýar.

Birleşen Ştatlaryň howa ýollarynyň websaýtynda penşenbe güni bolan ýalňyşlyk netijesinde, bagty çüwen ýolagçylar ýurt içinde uçmak üçin diňe howpsuzlyk tölegini, ýagny 5, 10 dollar tölemeli boldular.

Howa ýollary kompaniýasy Twitterde ýaýradan beýanatynda ýalňyşlygy derňäp, biletleri güýjünde galdyrjagyny aýtdy.

Käbir biletleriň bahasy, aýdaly, gündogar kenar şäherlerinden Hawaýä çenli, kadaly ýagdaýda 1 müň dollara durýar. Kompaniýa ýalňyş bahadan näçe bilediň satylandygyny aýtmady.
XS
SM
MD
LG