Sepleriň elýeterliligi

Müsürde jeňçilere hüjüm edildi


Müsüriň goşunlary anna güni dikuçar pulemetlary bilen Sinaý ýarym adasyndaky yslamçy jeňçilere hüjüm etdiler.

Bu hüjüm bütin ýurda abanýan howpsuzlyk wehiminiň öňüni almagy maksat edinýär. Howpsuzlyk resmileriniň aýtmaklaryna görä, operasiýa mahalynda aýry-aýry üç obada üç esger ýaralandy.

Müsüriň goşuny 3-nji iýulda yslamçy prezident Mohammad Morsini iş başyndan gyrakladaly bäri bu sebitde we ýurduň başga ýerlerinde yslamçy jeňçileriň hüjümleri gürelip başlady.

Al-Kaýdanyň lideri Aýman al-Zawahri audio messaž ýaýradyp, onda goşun tarapyndan bellenen hökümetiň Morsiniň «Musulman doganlygyna» garşy görýän çärelerini «aýylganç jenaýat» diýip atlandyrdy we müsürlileri özüniň «yslama garşy kampaniýa» diýýänine garşy durmaga çagyrdy.
XS
SM
MD
LG