Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Orsýetde halas ediş tamamlandy


Orsýetiň halas ediş işgärleri Nowgorod sebitinde 37 adamyň ýangyndan ölen ruhy hassahanasyndaky halas ediş işlerini tamamladylyr.

Ýurduň Adatdan daşary ýagdaýlar ministrliginiň sözçüsi Oleg Woronow şenbe güni žurnalistlere halas edijileriň Luka obasynda anna güni turan ýangynda ölen adamlaryň 35-siniň jesedini harabanyň aşagyndan çykarandyklaryny aýtdy.

Aýdylmagyna görä, ol binanyň içinde 60 çemesi adam bar eken. Hassalaryň 20-den gowragy başga ýere göçürildi.

Ýangyna nämäniň sebäp bolany bada-bat belli bolmady. Ýöne deslapky derňewler ýangyna geleňsizligiň sebäp bolandygyny görkezýär.

Bu Orsýetiň ruhy hassahanalarynda şu ýyl bolan ikinji uly ýangyndyr. Aprel aýynda Moskwanyň golaýynda bolan ýangynda 38 adam ölüpdi.
XS
SM
MD
LG