Sepleriň elýeterliligi

Pakistanda polisiýa ofiseri öldürildi


Pakistanda näbelli adamlar polisiýa ofiserini atyp öldürdiler.

Bu waka Karaçide boldy. Habarlarda Mumtaz Şanyň şenbe güni irden, maşynly işe barýarka tüpeňlenendigi aýdylýar.

Bu waka hökümetiň jenaýata we terror hüjümlerine gaplanan şäherde tertip-düzgüni ýola goýmak ugrunda görýän çäreleri bilen gabat geldi.

Pakistanyň premýer-ministri Nawaz Şarif 4-nji sentýabrda bu port şäherinde ýörite operasiýa geçirilmegini buýurdy.

Ýurduň iň uly şäheri bolan Karaçidäki zorluklar yslamçy jeňçilerden, jenaýatçylardan, etniki we syýasy dartgynlyklardan görülýär.

Pakistanyň Adam hukuklary komissiýasynyň maglumatyna görä, 2013-nji ýylyň başky alty aýynda Karaçide 1700 çemesi adam öldürildi.
XS
SM
MD
LG