Sepleriň elýeterliligi

Kandaharda 3 adam öldürildi


Şenbe güni Kandahar şäherinde partladylan ulag bombasy sebäpli azyndan üç adam ölüp, alty adam ýaralandy.

Owgan goşunynyň bu sebitdäki bölüminiň komandiri Abdul Hamid bombaçynyň NATO konwoýynyň esgerlerini nyşana almak isländigini, emma onuň ulagynda gizlenen partlaýjylaryň barjak ýerine ýetmänkä partlandygyny aýtdy.

Bu hüjümiň jogapkärçiligini «Talyban» öz üstüne aldy.

Şeýle-de jeňçiler anna güni Hyratda ABŞ-nyň konsullygyna edilen hüjümiň jogapkärçiligini öz üstlerine aldylar.

Owgan resmileri bu hüjümde owgan howpsuzlyk güýçleriniň iki esgeriniň we bir terjimesiniň ölendigini aýtdylar.
XS
SM
MD
LG