Sepleriň elýeterliligi

Ýaponlar Türkmenistanda zawod gurar


Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň Ýaponiýa eden üç günlük resmi saparynda Türkmenistanda gaz we himiýa zawodlaryny gurmak baradaky uly şertnamalara we çarçuwalaýyn ylalaşyklara gol çekildi.

Ýakyn wagtda ýapon kompaniýalary tarapyndan amala aşyryljak gaz-himiýa zawodlaryny gurmak baradaky proýektleriň umumy bahasy 10 milliard dollardan hem geçýär diýip, türkmen hökümetiniň bu sapar baradaky resmi maglumatynda aýdylýar.

Prezident G.Berdimuhamedow sapar wagtynda Ýaponiýanyň premýer-ministri Şinzo Abe we imperator Akihito bilen duşuşdy, biznes-foruma gatnaşdy, Ýaponiýanyň öňdebarajy maliýe we iş adamlary, aýry-aýry kompaniýalaryň ýolbaşçylary bilen gepleşik geçirdi.
XS
SM
MD
LG