Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Koloradada halas ediş dowam edýär


Birleşen Ştatlaryň günbatar ştaty bolan Koloradada, agyr gelen sil azyndan dört adamy öldürenden soň, giň gerimli halas ediş işleri alnyp barylýar.

Resmiler tarapyndan "100-ýylyň sili" ady berlen tupan çarşenbe güni başlandy.

Birnäçe müň adam ýaşaýan ýerinden ewakuasiýa edildi, nirededigi bilinmeýän adamlaryň hem ýüzlerçedigi aýdylýar.

Resmiler tapylmaýan adamlaryň käbiriniň bir ýerde gabalyp, ýaralanyp galan bolmagynyň hem ahmaldygyny, bir toparynyň bolsa ýaşaýan ýerinden göçürilip, entek dostlary we garyndaşlary bilen habarlaşyp bilmeýän bolmagynyň mümkindigini aýdýarlar.

Milli gwardiýa adamlary howp-hatarly ýerden alyp çykmak üçin dikuçar iberdi, prezident Barak Obama adatdan daşary ýagdaý düzgünini yglan etdi.
XS
SM
MD
LG