Sepleriň elýeterliligi

Ýemende "Al-Kaýdanyň" lideri öldi


Ýemeniň "Al-Kaýda" şahamçasy Birleşen Ştatlaryň howa zarbalary netijesinde awgustyň aýagynda özüniň ýokary derejeli komandirleriniň biriniň ölendigini tassyk etdi.

Jeňçi guramanyň şenbe güni websaýtda çap eden beýanatynda Kaýed al-Tahabyň we ýene bir adamyň Ýemeniň günorta welaýaty bolan Beýsde amerikan howa zarbasyndan ölendigi aýdylýar.

Ýemeniň howpsuzlyk resmileri "Al-kaýdanyň" Arap ýarym adasyndaky lideri Tahabyň 3-nji awgustda ölendigini habar berdiler.
XS
SM
MD
LG