Sepleriň elýeterliligi

Yrakda gölegçilere hüjüm edildi


Yragyň hassahana işgärleri we polisiýasy janyndan geçen bombaçynyň ýurduň demirgazagyndaky şabak etniki azlygynyň agzasynyň jaýlanýan wagty özüni partladyp, azyndan 26 adamy öldürendigini aýdýarlar.

Bombaçy demirgazakdaky Mosul şäheriniň golaýyndaky Başigah şäherçesine biline partlaýjyly guşak guşanyp barypdyr.

Häkimiýetler şenbe güni bolan hadysada azyndan 45 adamyň ýaralanandygyny aýtdylar.

Yrakda 30 müň çemesi şabak bolup, olar öz dillerinde gepleşýärler, yslamyň ýerli däpler bilen garyşan şaýy akymyna uýýarlar.

Şabaklaryň köpüsi Mosulyň gündogaryndaky obalarda ýaşaýar.

Yrakda şenbe güni bolan başga aýry-aýry hüjümlerde hem bäş adam öldürildi.
XS
SM
MD
LG