Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Owgan käninde 27 adam öldi


Owganystanyň demirgazygyndaky Samangan welaýatynda çöken kömür käni azyndan 27 adamyň ölümine sebäp boldy.

Resmiler Ruýi Du Ab etrabyndaky Abkhorak kömür käniniň şenbe güni işläp ýören şahtaçylaryň üstüni basandygyny aýtdylar.

Welaýat gubernatorynyň sözçüsi Mohammad Sedik Azizi ýene 20 şahtaçynyň ýaralanandygyny aýtdy.

Samanganyň howpsuzlyk gullugynyň başlygynyň orunbasary Mosadikullah Muzafari halas edijiler toparynyň hem dört agzasynyň agyr ýaralanandygyny, şeýle-de ýene 12 çemesi şahtaçy aşakda galandyr diýip pikir edilýändigini aýtdy.

Bu kömür käni Kabuldan 215 km çemesi demirgazykda ýerleşýär.

Geçen ýylyň dekabrynda Baglan welaýatynda şunuň ýaly bir kömür käni çökende 11 adam ölüpdi.
XS
SM
MD
LG