Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Damask Himiki ýaraglar şertnamasyna goşulýar


Prezident Başar al-Assad Damaskda Orsýetiň döwlet telewideniýesine interwiýu berýär. 12-nji sentýabr, 2013.
Prezident Başar al-Assad Damaskda Orsýetiň döwlet telewideniýesine interwiýu berýär. 12-nji sentýabr, 2013.
BMG Siriýanyň Himiki ýaraglar konwensiýasyna goşulmak baradaky arzasyny resmi taýdan kabul edendigini aýdýar.

Siriýa golaýda himiki ýaraglary öndürmegi we saklamagy gadagan edýän, bar bolan himiki ýarag serişdeleriniň ýok edilmegini buýurýan konwensiýa goşulmak üçin arza berdi.

BMG şenbe güni Siriýanyň 14-nji oktýabrdan bu şertnama goşuljagyny yglan etdi.

Siriýanyň bu konwensiýa we degişlilikdäki Himiki ýaraglary gadagan edýän gurama goşulmagy, Damaska garşy harby zarba urulmazlygy üçin, Orsýet we Birleşen Ştatlar tarapyndan düzülen planyň bir bölegidi.

Bir hepde içinde maglumat bermeli

Birleşen Ştatlaryň döwlet sekretary Jon Kerri şenbe güni, orsýetli kärdeşi Sergeý Lawrow bilen geçiren üç günlük gepleşiklerinden soň çykyp gurläp, bu plan astynda Siriýanyň hökümetiniň özünde bar bolan himiki ýaraglar barada bir hepde içinde doly maglumat bermelidigini aýtdy:

"Birleşen Ştatlar we Orsýet Siriýanyň himiki ýaraglaryny iň çalt we howpsuz şertlerde ýok etmegiň tagallasyny edýär. Biz Siriýanyň bir hepde, 30 gün däl, bir hepde wagt içinde özünde bolan himiki ýaraglaryň doly sanawyny bermegi barada ylalaşyga geldik we degişlilikdäki goşmaça detallar gelýän günlerde ara alnyp maslahatlaşylar."

Bu ylalaşyk ýarag inspektorlarynyň noýabrdan gijikmän Siriýada bolmagyny hem nazarda tutýar. Olaryň maksady Siriýanyň himiki ýarag serişdelerini 2014-nji ýylyň ortasyna çenli doly ýok edip gutarmakdan ýa-da başga ýere aýyrmakdan ybarat.

Kerri iki tarapyň, eger-de Damask bu talaby ýerine ýetirmese, BMG-niň Howpsuzlyk geňeşinden harby çäre görülmegine rugsat almaga çalyşmak barada hem razylaşandygyny aýtdy.

Emma muňa garamazdan, Lawrow talabyň ýerine ýerine ýetirilmezliginiň Howpsuzlyk geňeşinde 7-nji baba çagyrylmazyndan öň «ynandyryjy we ikuçsyz» subut edilmeli boljagyny aýtdy.

Diplomatiýa iş bitirmese...

Birleşen Ştatlaryň prezidenti Barak Obama bu ylalaşygy gutlady we Siriýanyň prezidenti Başar al-Assadyň hökümetini ony ýerine ýetirmäge çagyrdy. Obamanyň beýanatynda diplomatiýa iş bitirmese, Birleşen Ştatlaryň herekete geçmäge taýýardygy ýatladylýar.

Pentagonyň beýanatynda bolsa, Birleşen Ştatlaryň güýçleriniň henizem Siriýa mümkin bolan harby zarbany urmak pozisiýasynda durandygy aýdyldy.

Britaniýa, Hytaý, Fransiýa we Eýran Orsýet-Amerikan ylalaşygyny gutlady.

Hytaýyň daşary işler ministri Waň Ýi sapara gelen fransuz kärdeşi Laurent Fabius bilen duşuşykda bu ylalaşygyň Siriýadaky dartgynlyklaryň azalmagyna ýardam etjegini aýtdy.

Eýranyň daşary işler ministriniň orunbsary Hossein Amir-Abdollahian bolsa, Birleşen Ştatlar bilen onuň ýaranlarynyň indi Siriýa hüjüm etmek üçin bahanasy ýok diýdi.

Siriýanyň döwlet eýeçiligindäki SANA habarlar gullugy bu ylalaşygy «başlangyç nokat» diýip atlandyrdy, emma hökümet tarapyndan ol ylalaşygyň ýerine ýetirlmegine isleg bildirilýän beýanat edilmedi.

Pitneçiler söweşi dowam etdirmekçi

Emma muňa garamazdan, pitneçi Azat Siriýa goşunynyň baş serkerdesi bu ylalyşygy ret etdi we Assadyň režimini ýykmak üçin söweşi dowam etdirjegini aýtdy.

Salim Idriss Stambulda guralan metbugat ýygnagynda Orsýet-Amerikan ylalaşygynyň diňe wagt utmagy nazarlaýandygyny aýtdy.

Şeýle-de ol Siriýa harbylarynyň soňky günlerde öz himiki ýaraglaryny Liwana we Yraga daşamak bilen meşgul bolandyklaryny aýtdy.

"BMG-niň ýarag inspektorlary Siriýa gelende režimiň ýaraglary, himiki ýaraglary, himiki materiallary Yrakda we Liwanda bolar. Onsoň biz režim ol ýaraglary Siriýadaky asuda ilata, Azat Siriýa goşunynyň söweşijileriniň garşysyna ulanar öýdüp gorkýarys."

Amerikadaky başga garaýyşlar

Orsýet-Amerikan ylalaşygyny Birleşen Ştatlaryň syýasatçylarynyň ählisi goldamady, respublikan senatorlaryň ikisi ony “Amerika tarapdan gowşaklygyň prowakasion akty” hökmünde suratlandyrdy.

Arizonadan Jon Makkeýn we Günorta Karolinadan Lindsiý Graham ýene şeýle diýdi: "Biz ýadro ýaragyny edinmäge ymtylýan Eýrana mundan erbet yşarat edip boljagyny göz öňüne getirip bilmeýäris."
XS
SM
MD
LG