Sepleriň elýeterliligi

Owganystan: Ofiser aýal tüpeňlendi


Owgan resmileri Helmand welaýatynda bir ýokary derejeli zenanyň, polisiýa ofiseriniň agyr ýaralanandygyny aýdýarlar.

Edil bir aý mundan öň onuň ýokary derejeli kärdeşi atylyp öldürilipdi.

Helmandyň welaýat gubernatorynyň sözçüsi Omar Zawak tüpeňlenen polisiýa ofiseriniň adynyň Nigardygyny, onuň ýekşenbe güni Laşkar Gahdaky polisiýa edarasynyň ýanyndan ýöräp barýarka motorly barýan adamlar tarapyndan tüpeňlenendigini aýdýar.

Häzir hassahana ýerleşdirilen Nigar Laşkar Gahda jenaýat derňewçisi bolup ýedi ýyl işläpdir.

Ol öz kärdeşi Yslam Bibi iýul aýynda atylyp öldürilenden soň Helmand welaýatynda polisiýada işleýän aýallaryň iň uly derejelisi bolupdyr.
XS
SM
MD
LG