Sepleriň elýeterliligi

Liderler ABŞ-Orsýet ylalaşygyny öwýär


ABŞ-nyň döwlet sekretary Jon Kerry (Ç) orsýetli kärdeşi Sergeý Lawrow bilen Ženewadaky metbugat ýygnagynda, 14-nji sentýabr, 2013.

ABŞ-nyň döwlet sekretary Jon Kerry (Ç) orsýetli kärdeşi Sergeý Lawrow bilen Ženewadaky metbugat ýygnagynda, 14-nji sentýabr, 2013.

Dünýä liderleri ýekşenbe güni ABŞ bilen Orsýetiň Siriýanyň himiki ýaraglary barada baglaşan ylalaşygyna ýokary baha berdiler.

Onda Siriýanyň bir hepde içinde ähli himiki ýaragynyň sanawyny bermegi we bu ýaraglary 2014-nji ýylyň ortasyna çenli ýok etmegi talap edilýär.

Bu ylalaşyk şenbe güni ABŞ-nyň döwlet sekretary Jon Kerri we onuň orsýetli kärdeşi Sergeý Lawrow tarapyndan, Ženewada geçirilen üç günlük gepleşiklerden soň yglan edildi.

Hytaýyň daşary işler ministri Waň Ýi ýekşenbe güni Pekine sapara gelen fransuz kärdeşi Laurent Fabiusiň ýanynda çykyp gürläp, bu ylalaşygyň Siriýadaky krizisi çözmäge kömek etjegini aýtdy.

"Hytaý golaýda Ženewada Siriýanyň himiki ýaraglar arsenaly barada Orsýet bilen Birleşen Ştatlar arasynda gelnen çarçuwalaýyn ylalaşygy gutlaýar. Biz bu çarçuwalaýyn şertnamanyň Siriýada emela gelen ýiti dartgynly ýagdaýy ýeňletmäge kömek edendigine we Siriýanyň himiki ýarag meselesini parahatçylykly ýollar bilen çözmegiň täze perspektiwasyny açandygyna ynanýarys."

Öňdäki duşuşyklar

Fransiýanyň daşary işler ministri gelýän günlerde bu mesele boýunça bir topar duşuşygy planlaşdyrýandygyny gürrüň berdi:

"Ženewa şertnamasy, çarçuwalaýyn ylalaşygyň taslamasy möhüm progres. Elbetde, ol hemme zady çözenok. Ol ýerde entek içinden geçilmeli bir topar jikme-jiklik bar. [Duşenbe güni] men Parižde öz kärdeşlerim Jon Kerri we [Britaniýanyň daşary işler sekretary] Wilýam Heýg bilen duşuşmaly. Şol günüň ertesi bolsa men Moskwada bolup, kärdeşimiz jenap Lawrow bilen duşuşmaly. Emma bu çarçuwalaýyn şertnama taslamasynyň esasynda biz öňe süýşmeli."

Ysraýyl resmileri hem ýekşenbede Ysraýyla baran Kerri bilen bu plan barada gysgaça durup geçdiler. Ysraýylyn premýer-ministri Benýamin Netenýahu bu paktyň hakyky synagynyň onuň durmuşa geçirilişinde, ýagny režimiň himiki ýaraglarynyň doly ýok edilmeginde boljagyny aýtdy.

"Syýasy çözgüde bir ädim golaýlandy"

Arap ligasynyň başlygy Nabil al-Arabi ýekşenbe güni bu ylalaşygy Siriýa üçin syýasy çözgüde bir ädim golaýlamak diýip atlandyrdy.

Siriýanyň milli ýaraşyk boýunça ministri Ali Haýdar bolsa, bu ylalaşygy “Siriýa üçin ýeňiş” diýip atlandyrdy.

Haýdar bu ylalaşyk urşuň öňüni aldy, siriýalylara krizisden çykmaga kömek eder diýdi.

Emma Siriýanyň oppozisiýadaky Milli koalisiýasy bu plany tankyt etdi we Assadyň sözünde durmajagyny, onuň muny gaýta-gaýta görkezendigini aýtdy.

Şeýle-de Siriýanyň Milli koalisiýasy ballistik raketalara we Assadyň guýçleriniň howa zarbalaryny ulanmagyna gadaganlyk girizilmegine çagyrdy.

Obama Putiniň aýdanlaryny ret etdi

ABŞ-nyň prezidenti Barak Obama ýekşenbe guni amerikan telewideniýesinde gürläp, Orsýetiň prezidenti Wladimir Putiniň 21-nji awgustda edilen himiki gaz hüjümine we Damaskyň çetinde 1400-den gowrak adamyň ölmegine pitneçiler günäkär diýen sözlerini ret etdi.

Obama Putiniň bu aýdýanlaryna “dünýäde hiç kim çynlakaý garamaýar” diýdi.

Emma Obama Putiniň mümkin bolan diplomatiki çözgüt gözlemäge goşulmagyny gutlady hem-de Siriýa bilen islendik ylalaşyk Assadyň režiminiň özünde bar bolan ähli himiki ýaragdan doly el çekmegini kepillendirmeli diýdi.

Şeýle-de Obama Eýranyň täze saýlanan prezidenti Hassan Rohani bilen Siriýadaky ýagdaý barada hat alşandygyny aýtdy.
XS
SM
MD
LG