Sepleriň elýeterliligi

Koreýa: Kaesong kompleksi açyldy


Demirgazyk we Günorta Koreýa tarapyndan bilelikde dolandyrylýan senagat zolagy gaýtadan açyldy. Bu zolak iki ýurduň arasyndaky syýasy dartgynlyk sebäpli bäş aýlap ýapylypdy.

Maglumatlara görä, duşenbe güni ir bilen iki ýurduň bilelikde dolandyrýan Kaesong senagat kompleksine tarap ulaglaryň uzyn kerweni Demirgazyk Koreýanyň araçäginden geçip başlady.

Şeýle-de, Kaesong senagat kompleksiniň gaýtadan işläp başlamagyny gözden geçirmek üçin 800-den gowrak günorta koreýaly dolandyryjy we işgärler agzalýan komplekse barar.

Demirgazyk Koreýanyň territoriýasynda ýerleşýän senagat zolagy Phenýan üçin esasy girdeji çeşmeleriň biridir.

Gürrüňi edilýän bu kompleksde Günorta Koreýanyň 120 töweregi zawody bolup, onda 53 müň demirgazyk koreýaly işgär zähmet çekýär.

Kaesong kompleksi aprel aýynda Phenýanyň komplekse günorta koreýalylaryň girmegini gadagan etmegi bilen ýapylypdy.
XS
SM
MD
LG