Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Gyrgyzystanda üç adam tussag edildi


Gyrgyzystanyň günortasyndaky Oş regionynda üç adam terrorizm ilteşikli aýyplamalar esasynda tussag edildi.

Duşenbe güni Gyrgyzystanyň Milli howpsuzlyk boýunça Döwlet komitetiniň beren maglumatyna görä, tussag edilenleriň biri gazak, ikisi hem gyrgyz milletli bolup, olar Oşa Siriýadan gelipdirler.

Şeýle-de, Gyrgyzystanyň Milli howpsuzlyk boýunça Döwlet komiteti, gürrüňi edilýän adamlaryň Siriýada söweşijiler bilen birlikde hökümet güýçlerine garşy uruşandyklaryny sözüne goşdy.

Agzalýan komitetiň berýän maglumatyna görä, tussag edilen üç adam awgust aýynyň tamamlanmagy esasynda we geçen hepde Şanhaý hyzmatdaşlyk sammitiniň dowamynda terrorizme garşy göreşmek maksady bilen geçirlen operasiýalaryň netijesinde ele salnypdyr.

Gyrgyz resmileriniň bellemegine görä, gürrüňi edilýän üç adam Siriýadaky Yslamçy Jihad bileleşigi tarapyndan ýurtda ençeme terror aktlaryny amala aşyrmagy üçin Gyrgyzystana ugradylypdyr.

Gyrgyzystanyň Milli howpsuzlyk boýunça Döwlet komiteti tarapyndan goşmaça maglumat berilmedi.
XS
SM
MD
LG