Sepleriň elýeterliligi

Dagystanda dini aktiwist öldürildi


Russiýanyň dartgynly Demirgazyk Kawkaz respublikasy Dagystanda dini we raýat aktiwisti öldürildi.

Abdulla Gappaýew gijäniň ýary Kizlýar şäherindäki öýüniň golaýynda nämälim hüjümçiler tarapyndan atylyp öldürilipdi. Bu barada “Diňe partiýa” bileleşiginiň aktiwisti Bilal Magomedow habar berýär.

Duşenbe güni Magomedow žurnalistlere beren maglumatynda Gappaýewiň keselhana äkidilip barýarka ýolda aradan çykandygyny mälim etdi.

Magomedow Gappaýewiň öz partiýasyny goldaýan dini ynançly adamdygyny, ýöne onuň aşa dinçi musulman däldigini sözüne goşdy.

Dagystan etniki taýdan garyşyk, aglabasy musulmanlardan ybarat region bolup, ol soňky ýyllarda Russiýanyň iň dartgynly Demirgazyk Kawkaz regionyna öwrüldi.

Söweşijiler özleriniň Orsýetiň günortasynda Yslam döwletini döretmek üçin uruşýandyklaryny aýdyp, her gün diýen ýaly polisiýa, aram musulmanlara we ýerli resmilere hüjüm edýärler.
XS
SM
MD
LG