Sepleriň elýeterliligi

Çeçenistan: Partlamada üç adam öldi


Çeçenistanda janyndan geçen hüjümçileriň ulagly bombany partlatmagy netijesinde üç polisiýa ofiseri öldi we başga-da dördüsi ýaralandy.

Çeçenistanyň polisiýasynyň metbugat wekiliniň berýän maglumatyna görä, bomba partlamasy duşenbe güni Sernowodsk şäherindäki polisiýa merkezinde amala aşyrylypdyr.

Sernowodsk şäheri Çeçenistanyň paýtagty Groznyý şäherinden 50 kilometr uzaklykda ýerleşýär.

Maglumata görä, bombaly ulag Sunžen regionynyň içeri işler edarasyna degişli territoriýa girmäge synanyşypdyr. Ýöne polisiýa ulaga böwet goýmaga synanyşanda, ol partladylypdyr.

Soňky 20 ýylyň dowamynda Çeçenistanda seperatist söweşijiler rus goşunlary bilen iki gezek uruşdylar.

Gozgalaňçylaryň giň göwrümde basylyp ýatyrylandygyna garamazdan, hüjümler wagtal-wagtal dowam edýär.
XS
SM
MD
LG