Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Russiýa: Gämidäki ýangyn söndürildi


Russiýanyň Wladiwostok şäheriniň golaýyndaky gämi ussahanasyndaky atom energiýasy bilen işleýän suwasty gämide dörän ýangyn söndürildi.

Resmiler bu wakada ýaralananyň we radiasiýa syzmak howpynyň ýokdygyny bellediler. Şeýle-de, resmiler gämide ýaragyň ýokdugyny habar berýärler.

Russiýanyň habar agentlikleriniň berýän maglumatyna görä, “Tomsk” atly suwasty gämi duşenbe güni “Zwezda” gämi duralgasynda gaýtadan bejeriş işleri geçirilýärkä ot alypdyr.

Agzalýan bu gämi duralgasy Wladiwostok şäherinden 25 kilometr uzaklykdaky Bolşoý Kamen regionynda ýerleşýär.

Russiýanyň Goranmak ministrligi ýangyna turbalary sepleşdirmek düzgüniniň bozulmagy sebäp bolan bolmagy ähtimal diýip, ony derňemekleri üçin ýörite komissiýa döretdi.
XS
SM
MD
LG