Sepleriň elýeterliligi

Owganystan: Aýal ofiser öldürildi


Owganystanda ýokary derejeli bir aýal polisiýa ofiseri näbelli söweşijiniň hüjümi netijesinde ýaralanandan soň, öldi. Bu barada ýerli resmiler habar berýär.

Helmand welaýatynyň metbugat wekili Omar Zawak we polisiýanyň sözçüsi Farid Ahmad Obaidi polisiýa ofiseri Nigaryň duşenbe güni irden keselhanada aradan çykandygyny mälim etdiler.

Ýekşenbe güni Nigar Laşkar Gah şäherindäki polisiýa merkeziniň golaýyndan ýöräp barýarka, oňa motosikletli adamlar ýaragdan ot açypdyrlar.

Ol Laşkar Gah şäherinde sülçi wezipesinde ýedi ýyl işläpdir. Iýul aýynda Helmand welaýatynyň ýokary wezipeli polisiýa ofiseriniň öldürilmegi netijesinde Nigar welaýatdaky iň ýokary wezipeli aýal ofiser bolupdy.

Nigaryň öldürilmegi Owganystanda jemgyýetde ýokary wezipe eýeleýän owgan zenanlarynyň ýüzbe-ýüz bolýan kynçylyklaryna ýene bir sapar ünsi çekdi.
XS
SM
MD
LG