Sepleriň elýeterliligi

BMG-niň rezolýusiýasynyň ugrunda tagalla edilýär


ABŞ-nyň döwlet sekretary J.Kerri, Britaniýanyň we Fransiýanyň daşary işler ministrleri W.Heýg we L.Fabius (sagdan çepe), Pariž, 16-njy sentýabr, 2013.

ABŞ-nyň döwlet sekretary J.Kerri, Britaniýanyň we Fransiýanyň daşary işler ministrleri W.Heýg we L.Fabius (sagdan çepe), Pariž, 16-njy sentýabr, 2013.

Fransiýa, Britaniýa we ABŞ BMG-niň Siriýanyň himiki ýaraglaryny ýok etmek boýunça rezolýusiýasynyň berk we täsirli bolmagyny we onuň ýerine ýetirilmeginiň çäkli möhletiniň kesgitlenmegini gazanmak boýunça özara ylalaşdylar.

Fransiýanyň prezidenti Fransua Hollandyň edarasynyň maglumatyna görä, BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşiniň rezolýusiýasynyň taslamasy boýunça ylalaşyga Fransiýanyň daşary işler ministri Laurent Fabiusyň ABŞ-nyň döwlet sekretary Jon Kerriniň we Britaniýanyň daşary işler ministri William Heýgiň duşenbe güni Parižde geçiren duşuşygynda gelnipdir.

Gelnen ylalaşyklar

Bu gepleşikleriň öňüsyrasynda ABŞ-nyň we Orsýetiň arasynda Siriýanyň himiki ýaraglaryna degişli we ABŞ-nyň Siriýanyň režiminiň desgalaryna garşy harby zarba urmagynyň öňüni almagy göz öňünde tutýan ylalaşyga hem gelnipdi.

Duşenbe günki gepleşikler BMG-niň 21-nji awgustda Damaskyň golaýynda bolan himiki hüjümler boýunça beriljek hasabatyň öňüsyrasynda geçirildi.

ABŞ-nyň prezidenti Barak Obama şol hüjümleriň Başar al-Assadyň režimi tarapyndan amala aşyrylandygyny subut edýän maglumatlaryň Waşingtonda bardygyny mälim etdi. ABŞ şol hüjümlerde 1400 adamyň, şol sanda 400 çaganyň heläk bolandygyny aýdýar.

Fransua Hollandyň gepleşikleriň öň ýanynda aýtmagyna görä, Damaskyň himiki ýaraglarynyň ýok edilmeginiň detallaryna degişli rezolýusiýa boýunça BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşinde şu hepdäniň aýagyna çenli ses berişlik geçirilmeli.

Şeýle-de, Holland Siriýanyň prezidenti Başar al-Assada garşy harby zarbalar meselesiniň ABŞ bilen Orsýetiň arasynda gelnen ylalaşykda göz öňünde tutulýan şertleriniň berjaý edilmegine güwä geçmek üçin gün tertibinde saklanmalydygyny nygtady. Bu ylalaşyga geçen şenbe güni ABŞ-nyň döwlet sekretary Jon Kerriniň we Orsýetiň daşary işler ministri Sergeý Lawrowyň arasynda gelnipdi.

Holland ylalaşygyň möhüm ädimdigini emma meseledäki soňky nokat däldigini belledi.

Bu çäkli ylalaşyk Damaskyň 22-nji sentýabra çenli himiki ýaraglaryň ählisiniň sanawyny bermegini talap edýär.

BMG-niň hasabaty

Galyberse-de, Damaskyň noýabr aýyna çenli halkara inspektorlaryna Siriýada barlag geçirmäge rugsat bermelidigi we 2014-nji ýylyň ortalaryna çenli Siriýanyň režiminiň ähli himiki ýaraglarynyň ýok edilmelidigi aýdylýar.

Duşenbe güni BMG şwesiýaly bilermen Ake Sellströmiň ýolbaşçylygyndaky öz himiki ýaraglar boýunça inspektorlar toparynyň 21-nji awgust wakalary boýunça uzak garaşylan hasabaty berendigini mälim etdi.

BMG-niň Baş sekretary Ban Ki-Moonyň duşenbe güni agşam Howpsuzlyk Geňeşine bu hasabatyň mazmuny barada habar bermegine garaşylýar.

Ban Ki-Moon geçen anna güni eden çykyşynda hasabatyň “haýran galdyryjy” bolmagyna garaşýandygyny aýan edipdi. Barlag geçiren inspektorlar toparyna ulanylan himiki ýaraglaryň görnüşlerini anyklamaga ygtyýar berildi. Emma Siriýadaky himiki hüjümlere kimiň günäkärdigini anyklamak bu toparyň wezipesine girmeýär.

BMG-niň inspektorlarynyň hasabaty olaryň Siriýada toplan we düzümini barlan toprakdan hem däriden ybarat materiallaryna esaslanýar.
XS
SM
MD
LG