Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Şawşatly: 'Türkmenler bizi ýakyndan gyzyklandyrýar'


Türkiýeli žurnalist Şener Şawşatly we onuň dosty Garagum çölüne aw awlamaga çykanda
Türkiýeli žurnalist Şener Şawşatly we onuň dosty Garagum çölüne aw awlamaga çykanda
Türkiýe bilen Türkmenistanyň ýolbaşçylary her gezek duşuşanlarynda, “iki döwlet bir millet” diýen şygar ýaňlanýar. Türkiýeli žurnalist Şener Şawşatly onuň ýöne ýerden aydylýan şygar däldigini, Türkmenistanda habarçy bolup işlän döwürlerinde bu şygary iş ýüzünde görendigini aýdýar.

Žurnalist Şener Şawşatly, habarçymyz Döwlet Baýhana, Türkmenistanda habarçy bolup işlän döwürlerinde, Türkmenistanyň we türkmenleriň özünde galdyran täsirleri, başdan geçiren tejribeleri barada gürrüň berdi.

Azatlyk Radiosy: Siz Türkiýede halkyň arasynda habarçy bolup gezip ýören halky gowy tanaýan bir metbugat işgäri. Türkmenistan bilen bolan gatnaşyklara Türkiýede nähili garalýar we nähili baha berilýär?

Şener Şawşatly: Bu ýerde aýratyn belläp geçilmeli bir ýagdaý bar. Ýagny Türkiýedäkileriň aglabasy türkmen. Anatoliýa ýagny Anadolyda ýaşaýan türkmenlere türk diýilýär. Sebäbi Türkiýäniň düýbüni tutan türkmenler. Anadolydaky Seljuk döwletini we Osman döwletini guran türkmenler.

Togrul we Çary begler ol ýerde döwlet gurýarka bu taýda hem olaryň dogan oglany Süleýmanşa hem Anadoly Seljuk döwletini gurupdyr. Türkmenistan tarapdan gündogardan gelen türkmen göçleri Anadolyny türkleşdiripdir ýagny türkmen ýurduna öwüripdir. Anadolyny yzyna gaýtaryp alyp, türkleri kowmak üçin gurnalan haçparaz ýörüşlerini derbi-dagyn eden hem ýene şol türkmenler.

Ýöne wagtyň geçmegi bilen taryhyň ünsden düşürilmegi netijesinde hamala türkmenler bilen türkler tapawutly halklar ýaly bir düşünje ýüze çykypdyr. Bu düýbünden nädogry bir düşünje. Türkiýäni häzirki ýaşaýanlara watan edenler türkmenlerdir.

Ynha, şeýle sebäplerden tebigy ýagdaýda Türkiýede ýaşaýanlary Türkmenistan gaty ýakyndan gyzyklandyrýar. Türkmenistan baradaky habarlar we Türkmenistanyň ösüşe hem galkynyşa ymtylyşlary we durmuşa geçirýän çäreleri Türkiýede halky gaty buýsandyrýar.

Türkmenistandaky çalt özgerişi gidip ol ýerde öz gözüm bilen gördüm we soň olary Türkiýede halk köpçüligine gürrüň berýärin. Türkiýede halk ata-babalarynyň gelen ýeri bolan Türkmenistan baradaky gürrüňleri uly höwes bilen diňleýär.

Türkiýede ýönekeý halk Türkmenistan we ol ýerdäki türkmenler barada hemme zady bilmek isleýär. Meselem, meniň ene-atam Türkiýede adaty obaly bir maşgala. Meniň Türkmenistana gidip-gelenimi eşiden enem-atam we öz obamdakylar bilen bilelikde Türkiýede duş gelýän adamlarym: "Türkmenistandaky türkmenler Türkiýedäki türkmenleri bilýärmi?", "Türkmenistandaky türkmenler bize nähili garaýar? Olaryň biz baradaky pikirdir-düşünjeleri nähili?" diýip, Türkmenistandaky halkyň Türkiýe we Türkiýedäki türkmenler baradaky garaýyşlaryny we pikirlerini öwrenmek isleýärler.

Daşoguz welaýatyndaky Nejmettin Kubranyň ýadygärligi.
Daşoguz welaýatyndaky Nejmettin Kubranyň ýadygärligi.
Azatlyk Radiosy: Şener Şawşatly, siz ol ýerde işläp gaýdan daşary ýurtly bir habarçy hökmünde Türkmenistanyň geljegine nähili baha berýärsiňiz?

Şener Şawşatly:
Türkmenistanda taryhda döwletsiz galynan sekiz ýüz ýyllyk bir döwür bar. Şonuň üçinem taryhdaky sekiz asyrlyk döwletsizligiň täsirlerini birden aýyrmaklyk aňsat iş däl. Ýöne Türkmenistanyň ykdysady mümkinçilikleri we ilatyň aglaba böleginiň ýaş nesilden emele gelmegi şeýle kynçylygyň hötdesinden gelmäge uly goldaw berýär.

Türkiýedäki türkmenleriň arzuwy hem islegi, Türkmenistanyň taryhda bilimde öçmejek yz galdyran Merw we Köneürgenç ýaly ýene bilim bilen dünýäde özüni tanatmaklygy. Türkmenistanyň öz milli taryhyndan hem milli ruhundan ylham alan mahaly bilimde ösen bir ýurda öwrüljekdigine men doly ynanýaryn.

Türkiýeli türkmenler bolup Türkmenistanyň diňe tebigy baýlyklar bilen däl, eýsem bilim taýdan hem taryhdaky ýaly bütin dünýä özüni tanatmagyna garaşýarys.

Azatlyk Radiosy: Şener Şawşatly, siz Türkmenistanda habarçy bolup işlän döwrüňizde elbetde ýatdan çykmajak başdan geçirmeleriňiz hem bolandyr we şolardan bir mysal beräýseňiz dünýä türkmenlerine?

Şener Şawşatly:
Ýatdan çykmajak başdan geçirme diýlende ilki bilen bir waka ýadyma düşýär. Aşgabatda ors bazarda gezip ýörkäm bir türkmen çagajyk ýanyma gelip, arassa türkçe gepläp "Siz türkmi?" diýip sorady. Men yzyma öwrülip, şol türkmen çaga seredip gaty geň galdym.

Men ol türkmen çaga türk mekdeplerine gidýändir öýtdüm. "Sen türkçäni beýle gowy nirede öwrendiň?" diýip soradym. Ýaňky türkmen çagajyk maňa "Telewizordan" diýdi. Bu waka mende uly täsir galdyrdy. Sebäbi şol bazardaky türkmen çagajyk meniň öz çagalarym ýaly bir kemsiz türkçe gepleýärdi.

Türkmenistanda bir türkmen çagasynyň telegepleşiklerden türkçäni şeýle gowy öwrenmegi mende unudylmajak täsir galdyrdy. Türkmenistanda ýatdan çykmajak başdan geçirmelerimiň ýene biri hem Garrygalada bolup geçdi. Garrygala habara gidenimizde bir garry türkmen aýala duş geldik.

Şonda şol garry türkmen aýal bize şeýle diýdi: "Bu ýer Garrygala däl. Bu ýeriň hakyky ady "Gaýy gala" ýagny Osman döwletini guran Oguzlaryň Gaýy taýpasynyň galasy. Öz taryhyňyzy gowy biliň". Ýaşy segsenden aşan bir türkmen mamanyň maňa ýagny türkiýeli bir habarça beren taryh sapagy ýadyma düşen mahaly henizem depe saçym üýşüp gidýär.

Türkmenistanda türkiýeliler üçin ýene bir ýatdan çykmajak pursatlaryň biri, ol hem türkmen halkynyň elinde baryny hat-da öz iýip bilmeýän tagamlaryny hem bir ýerden tapyp saçaga goýup, myhmana hödür etmegi ýaly beýik adamkärçilikli myhman söýerligi boldy.

Şeýle myhman söýerlik Türkiýedäki käbir türkmenleriň arasynda-da häzirem dowam edýär. Ynha meniň Türkmenistanda unutmajak başdan geçirmelerimden käbiri şundan ybarat.
XS
SM
MD
LG