Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

ABŞ: 12 adamy öldüreniň şahsyýeti anyklandy


Waşingtonda Harby deňiz ýolbaşçylygynyň edarasynda hüjüm edip, polisiýa bilen ok atyşygynda öldürilen adamyň harby deňiz güýçleriniň öňki gullukçysy bolandygy anyklandy. 34 ýaşly Aaron Aleksis duşenbe güni 12 adamy atyp öldürdi we ýene 8 adamy ýaralady.

Onuň hüjüm etmeginiň sebäpleri barada entek habar berilmeýär. Başda polisiýa bu hüjüme ýene iki adamyň gatnaşandygyny habar beripdi, emma soň Aleksisiň ýekelikde hereket edendigini tassyklady. Aleksisyň öň Waşingtonyň Harby deňiz edarasynda işländigi barada habar berilýär. Federal derňew býurosy Aleksisiň bu edara girmek üçin entek möhleti gutarmadyk rugsatnamasyndan peýdalanandygyny aýtdy.

Prezident Barak Obama telewideniýede eden çykyşynda “adamlaryň köpçülikleýin atylyp öldürilmegi bilen bagly ýene bir wakanyň” ýüze çykmagyna gynanç bildirdi. Ol ok atyşykda heläk bolanlaryň hatyrasyna federal binalarynda anna güni baýdaklary aşak düşürmegi tabşyrdy.
XS
SM
MD
LG