Sepleriň elýeterliligi

Orsýet-Fransiýa: Gepleşikler geçýär


Sişenbe güni Moskwada Orsýetiň daşary işler ministri Sergeý Lawrow Fransiýanyň daşary işler ministri Laurent Fabius bilen duşuşdy . Orsýetiň we beýleki ýurtlaryň arasynda BMG-niň Siriýanyň himiki ýaraglaryna gözegçilik boýunça rezolýusiýasynyň taslamasyna degişli gapma-garşylyklar saklanyp galýar.

Moskwadaky duşuşyklaryň öňüsyrasynda Orsýet we ABŞ Damaskyň ýadro ýaraglarynyň 2014-nji ýylyň ortalaryna çenli ýok edilmegini talap etmek boýunça ylalaşyga gelinipdi.

Duşenbe güni BMG geçen aýda Damaskyň golaýynda himiki hüjümleriň bolandygyny tassyklady. Britaniýa, Fransiýa we ABŞ bu hasabatyň Siriýadaky himiki hüjümlere hökümet güýçleriniň günäkärdigine şübhe galdyrmaýandygyny aýdýarlar.

Şol bir wagtda-da, Orsýet şol hüjümlere kimiň günäkärdiginiň belli däldigini we himiki hüjümlere gozgalaňçylaryň günäli bolmagynyň ähtimaldygyny aradan aýyryp bolmaýandygyny aýdýar.
XS
SM
MD
LG