Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Malala baýraga mynasyp boldy


“Amnesty International” guramasy pakistanly aktiwist we Parahatçylyk ugrunda Nobel baýragynyň laureaty Malala Ýusufzaýy sylaglandygyny yglan etdi. Londonda ýerleşýän adam hukuklaryny goraýjy “Amnesty International” guramasynyň maglumatyna görä, Malala 2013-nji ýyl boýunça Wyždan wekili atly baýragy amerikan aýdymçysy hem adam hukuklaryny goraýjy Harry Belafonte bilen paýlaşar.

Gurama bu baýragy gowşurmak arkaly “öz durmuşy bilen adam hukuklaryny godaýan we goraýan şahslaryň edermenligini” sylaglaýar. Baýragy gowşuryş dabarasy sişenbe güni agşam Irlandiýanyň paýtagty Dublinde bolar.

Mekdep okuwçysy we BBC kompaniýasynyň öňki bloggeri Malala Ýusufzaý “Talyban” hereketiniň basyşlary astyndaky durmuşy barada ýazypdy we gyzlaryň bilim almak hukugy barada öz pikirlerini mälim edipdi.

16 ýaşly gyz geçen ýylda “Talyban” hereketiniň agzalarynyň hüjümine sezewar bolup, boýnundan ýaralanypdy we diri galypdy.
XS
SM
MD
LG