Sepleriň elýeterliligi

Duşenbe: Dalaşgärler hödürlenýär


Täjigistanda prezidentlik wezipesine saýlaw kampaniýasy resmi derejede başlandy. Sişenbe güni ýurduň syýasy partiýalaryna we milli sosial guramalarynyň ikisine ýurt baştutany wezipesine öz dalaşgärlerini hödürlemäge rugsat berildi.

Täjigistanyň “Reformaçy güýçleriniň bileleşigi”, “Sosial demokratik partiýasynyň koalisiýasy” we görnükli jemgyýetçilik wekilleri adam hukuklaryny goraýjy aktiwist Oýnihol Bobonazarowy goldaýandyklaryny yglan etdiler.

Ýurduň iň uly oppozision topary yslamçy “Galkynyş partiýasy” Bobonazarowa goldaw bildirýändigini tassyklamak üçin sişenbe güni gurultaý geçirýär.

Beýleki bäş partiýa dalaşgärlerini saýlamak boýunça maslahat geçirýärler.

Ýurduň iň uly partiýasy bolan “Täjigistanyň halk demokratik partiýasy” ýurduň häzirki prezidenti Emomali Rahmonyň kandidaturasyny öňe sürdi. Rahmon Täjigistana 1992-nji ýyldan bäri baştutanlyk edýär.

Dalaşgärleriň hasaba durmagy üçin 25 gün berilýär. Prezidentlik saýlawlary 6-njy noýabra bellendi.
XS
SM
MD
LG