Sepleriň elýeterliligi

Orsýet: Neşekeşlere ýardam artdyrylýar


Orsýetiň hökümeti neşekeşlere berilýän kömegiň artdyryljagy barada yglan etdi. Resmi hasabatlarda ýurduň ilatynyň çak bilen 6%-tiniň neşä garaşlydygy aýdylýar.

Orsýetiň premýer-ministri Dmitriý Medwedew hökümetiň reabilitasion bejeriş merkezlerine ýardamy barada karara gol çekdi. Bu karar kommersiýa däl bejeriş merkezleriniň has köp hassalary bejermegi üçin mümkinçilik berýär.

Orsýetde neşekeşleriň sanynyň 8.5 million adama ýetendigi barada habar berilýär. Orsýet Owganystanda öndürilýän neşe önümleriniň iň uly kanaly bolup, tutuş ilat sanyna garanda geroine garaşly neşekeşleriň sany boýunça dünýäde birinji orunda durýar.

Ýurduň reabilitasion merkezleri, neşekeşleriň diňe 5%-tine esasy bejerişden soň ýardam bermäge ukyply. Muňa maliýe ýetmezçiligi sebäp bolýar. Orsýetde neşe bilen baglylykda günde 40 000 golaý adam ýogalýar.
XS
SM
MD
LG