Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Orsýet: Suw joşgunynyň zyýany hasaplandy


Orsýetiň Uzak Gündogarynda dowam edýän sow joşgunynyň 130 müňden gowrak adama zyýan ýetirendigi barada habar berildi. Orsýetiň wise-premýeri we prezidentiň Uzak Gündogar boýunça wekili Ýuriý Trutnew 14 müň sany jaýyň, ýollaryň 1 600 kilometriniň, 174 köpriniň we 825 sany sosial obýektiň ýumrulandygyny aýtdy.

Trutnew hökümet kömitetiniň Habarowsk şäherini suwdan halas etmek boýunça geçirilen sişenbe günki maslahatyna gatnaşdy. Habarowsk şäheriniň golaýynda Amur derýasynda suwuň derejesi 620 santimetr ýokary bolmagynda saklanýar.

Öň görülip-eşidilmedik suw joşguny Orsýetde soňky 120 ýylyň dowamynda bolan iň güýçli suw betbagtçylygy hasaplanýar. Oňa güýçli ýagyşlaryň sebäp bolandygy aýdylýar.
XS
SM
MD
LG