Sepleriň elýeterliligi

Tursymbaýew: 'Türkmenistan häzir orta asyrlarda'


Bugdaý meýdany

Bugdaý meýdany

16-njy awgustda Türkmenistanyň prezidenti Berdimuhamedow ýurduň käbir hökümet ýolbaşçylary bilen göni aragatnaşyk arkaly geçiren wideo şekilli iş maslahatynda oba-hojalyk ulgamyna degişli käbir kemçiliklerde durup geçdi. Bu barada türkmen metbugaty habar berýär.

Käbir daýhanlar muňa kärendeçileriň öz islegine görä ekin ekmegine rugsat berilmezliginiň, käbirleri bolsa tehniki üpjünçilikleriň ýetmezçiliginiň sebäp bolýandygyny aýdýarlar.

Eýsem, oba-hojalyk ulgamynda üstünlikli işler alyp barýan öňki postsowet ýurtlarynyň biri Gazagystan bu ugurda nähili işler alyp barýar we nähili tejribeleri başdan geçirdi?

Azatlyk Radiosy bu mesele bilen gyzyklanyp, Gazagystanyň öňki oba-hojalyk ministri Baltaş Tursymbaýew bilen söhbetdeş boldy.

Azatlyk Radiosy: Baltaş aga, Türkmenistanda, edil sowet döwründe bolşy ýaly, daýhanlara ýer kärendesine berilýär. Bu ýagdaý Gazagystanda nähili?

Baltaş Tursymbaýew:
Gazagystanda ýerler biznesmenlere, hususyýetçilere 49 ýyllyk kärendesine berilýär. Soňra biznesmenler, öz islegine görä, ekin ekip, hasylyny alyp, önümçilik bilen meşgullanýarlar.

Azatlyk Radiosy: Gazagystanda ýer 49 ýyllyk kärendesine berlenden soň, hökümet oňa garyşýarmy? Ýagny, kärendeçiniň näme ekmelidigine, şol önümi haçan we nähili ýetişdirmelidigine hökümet garyşýarmy?

Baltaş Tursymbaýew:
Bizde hökümet bu zatlara goşulmaýar. Döwlet ýerleri 49 ýyllyk kärendesine berýär. Bizde hökümet yzyna almazlyk şerti bilen maldarçylyga we tohumy özleşdirmek pudagyna birneme dotasiýalar hem berýär. Galan zatlaryň ählisini biznesmenleriň we hususyýetçileriň özleri çözýärler.

Ähli zatlar hem olaryň gözegçiligine berlen. Ýetişdirilen önümler hem dünýä bazaryndaky bahalara görä satylýar. Bizde bu zatlaryň hemmesi takyk we aýdyň. Ýöne Türkmenistanda bu zatlaryň beýle däldigini we ähli zatlaryň ýalançylyk esasynda alnyp barylýandygyny bilýärin.

Azatlyk Radiosy: Türkmenistanda daýhanlara nämäniň ekilmelidigi, hasylyň haçan ýygnalmalydygy we şuňa meňzeş beýleki zatlar hökümet tarapyndan aýdylyp durulýar. Hökümetiň kärendeçileriň işine şeýle goşulmagynyň uzak möhletleýin nähili netijeleri bolup biler?

Gazagystanyň öňki oba-hojalyk ministri Baltaş Tursymbaýew

Gazagystanyň öňki oba-hojalyk ministri Baltaş Tursymbaýew

Baltaş Tursymbaýew: Hökümet önümçilik prosesine bazar mehanizmi arkaly goşulmaly. Ynha, günbatar ýurtlaryny mysal getirsek, döwlet önümçilik prosesine bazar mehanizmi arkaly goşulýar. Haçan-da daýhanlar zerur tehnologiýany berjaý edip, hökümetiň tabşyryklaryny ýerine ýetirseler, oňa döwlet tarapyndan goldawlar we yzyna almazlyk şerti bilen dotasiýalar berilýär.

Daýhanlar tehnologiýany berjaý etmeseler, ýer zaýalanýar, şol sebäpden hem hökümet oba hojalygyna goşulmaly. Ýöne Gazagystanda bolsa hökümet ýeri kärendä alan biznesmenleriň, hususyýetçileriň işine goşulmaýar. Biznesmenlere, näme isleseňiz, şony ediň diýýärler. Şu sebäpden hem hususyýetçiler we biznesmenler kösenýärler.

Azatlyk Radiosy: Gazagystanda oba hojalyk pudagynyň esasan haýsy ugruna üns berilýär we näme üçin?

Baltaş Tursymbaýew:
Gazagystanda bazar ykdysadyýeti bolany sebäpli biziň hususyýetçilerimiz ýa-da biznesmenlerimiz diňe bugdaý we onuň hem ýokary hillisini ösdürip ýetişdirmäge synanyşýarlar. Sebäbi onuň bahasy gymmat we oňa bazarda isleg we talap köp.

Gürrüňimiň soňunda belläp geçesim gelýär, alymlar 2020-nji ýyldan başlap dünýäde bugdaý, ýagny çörek ýetmezçiliginiň göz-görtele duýuljakdygyny aýdýarlar. Men Merkezi Aziýa ýurtlarynyň täze tehnologiýalara daýanyp, oba hojalygy bilen meşgullanmaga çagyrasym gelýär. Sebäbi mundan 100 ýyl ozal ulanylan oba-hojalyk desgalaryny ulanyp işlemeklik daýhanlar üçin peýdaly däl.

Azatlyk Radiosy: Baltaş aga, siziň tejribäňizi göz öňünde tutsak, siziň pikiriňizçe, Türkmenistan oba hojalygynda haýsy ugur bilen öňe gitmeli?

Baltaş Tursymbaýew:
Türkmenistan sowet döwründe has gowurakdy. Meniň pikirimçe, ol şu wagt orta asyrlarda aýlanyp ýör. Sebäbi şu wagt men türkmen telewideniýesine tomaşa edýärin. Ol ýerde [Türkmenistanda] tragikomediýa, ýagny gaýgyly hem gülküli waka bolup geçýär. Siziň ilkinji prezidentiňiz, kellesine gelen zady edip, özüni masgarabaz ýaly alyp barýardy. Häzirki prezidentiňiz hem ondan kem galanok.

Men şu pursatdan peýdalanyp, Türkmenistanyň, has dogrusy, regionyň kärendeçi daýhanlaryna olaryň durmuşynda bagt, işlerinde hem üstünlik arzuw edesim gelýär.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG