Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Siriýa: Moskwa "esasly deliller" bar diýýär


Sergeý Lawrow.
Sergeý Lawrow.
Russiýanyň daşary işler ministri Sergeý Lawrow çykyş edip, geçen aý Damaskyň eteginde amala aşyrylan himiki hüjümiň prowokasiýa bolandygyny çaklamaga Moskwada “esasly delilleriň” bardygyny aýtdy.

Duşenbe güni BMG-niň derňewçileri tarapyndan ýaýradylan hasabatda 21-nji awgust güni Damaskyň golaýynda himiki hüjümleriň ulanylandygyny görkezýän “açyk we ygtybarly esaslaryň bardygy”, şeýle-de munuň parahat ýaşaýjylara, şol sanda çagalara hem gönükdirilendigi bellenilýär. Maglumata görä, şol wakada 1 müň 400 töweregi adam ölüpdir.

Emma hasabat hiç hili jogapkärçiligi öz üstüne almaýar.

Russiýa we Fransiýa

Sişenbe güni Lawrow, özüniň fransiýaly kärdeşi Laurent Fabius bilen Moskwada geçiren duşuşygyndan soň, agzalýan hasabatda rus tarapynyň gozgan soraglaryna jogap berilmeýändigini aýtdy.

Lawrow: “Bizde munuň [gozgalaňçylar tarapyndan] gurnalan bir prowokasiýa bolandygyny çaklamaga esasly deliller bar. Biziň käbir hyzmatdaşlarymyz welin, muny diňe siriýa režiminiň amala aşyryp biljekdigini üzül-kesil öňe sürýärler” diýdi.

Lawrow goşmaça derňewleriň geçirilmelidigini hem sözüne goşdy: “Biz 21-nji awgust wakalarynyň bitarap, obýektiw, professional derejede derňelmegini isleýäris”.

Fransiýanyň daşary işler ministri Laurent Fabius bolsa, BMG-niň hasabatynyň ynandyryjydygyny belledi: “Eger-de ulanylan zarin gazynyň mukdary, hüjümiň amala aşyrylyş usuly we beýleki ýagdaýlar nazara alynsa, onda munuň Assadyň režiminiň edendigini görmek bolýar”.

Lawrow sişenbe güni eden çykyşynda Siriýanyň himiki ýaraglaryny ýok etmek boýunça BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşiniň düzjek rezolýusiýasynyň BMG-niň çarteriniň 7-nji bölümine daýanmaly däldigini hem nygtady. Çarteriň 7-nji bölümi güýç ulanmak mümkinçiligini-de göz öňünde tutýar.

Lawrow, eger-de Siriýa hyzmatdaşlyk etmekden ýüz öwürse, “BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşiniň bu mümkinçiligi, [ýagny güýç ulanmagy-da] maslahat edip biljekdigini” aýtdy.
XS
SM
MD
LG