Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Damask Moskwa “täze delilleri” berdi


Russiýanyň daşary işler ministriniň orunbasary Sergeý Rýabkow Siriýanyň režiminiň 21-nji awgustda Damaskyň eteginde bolan himiki hüjümlere söweşijileriň dahyllydygyny aýdýan täze materiallary Moskwa berendigini aýdýar.

Rýabkow Damaskda Siriýanyň daşary işler ministri Walid al-Muallem bilen geçiren gepleşiklerinden soň Birleşen Milletler Guramasynyň himiki ýaraglaryň hüjümi baradaky raportyny “syýasylaşdyrlan, esassyz we bir taraply” diýip atlandyryp, raporta Russiýanyň gynandygyny belledi.

Günbatar ýaranlary bolsa raport hüjümleriň arkasynda Siriýa režiminiň bardygyny subut edýär diýýärler.

Şeýle-de, çarşenbe güni giçlik Rýabkowyň Siriýanyň prezidenti Başar al-Assad bilen duşuşmagyna garaşylýar.

Sişenbe güni Birleşen Milletler Guramasynyň Howpsuzlyk geňeşiniň hemişelik bäş agzasy duşuşyp, Siriýanyň himiki ýaraglaryny ýok etmek barada ABŞ-nyň we Russiýanyň planynyň durmuşa geçirilmegi barada gepleşikler geçirdiler.
XS
SM
MD
LG