Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ukraina ÝB-niň AY-ny tassyklady


Ukrainanyň hökümeti Ýewropa Bileleşigi bilen Assosiasiýa ylalaşygyna gol goýmak baradaky taslamany tassyklady.

Ukrain hökümetiniň metbugat wekili taslamanyň çarşenbe güni Kabinet tarapyndan biragyzdan kabul edilendigini mälim etdi.

Ýewropa Bileleşiginiň Ukrainadaky delegasiýasynyň ýolbaşçysy Jan Tombinski Kiýewde žurnalistleriň öňünde eden çykyşynda “Taslamanyň kabul edilmegi ukrain hökümeti tarapyndan ädilen möhüm ädimdir” diýdi.

Şeýle-de, ol noýabr aýynda Wilniusda gol goýulmagy planlaşdyrylýan bu taslamanyň “ukrain we Ýewropa Bileleşigine degişli ýurtlaryň raýatlarynyň bilelikdäki şowlulygy bolar” diýdi.

Moskwa Kiýewi Ýewropa Bileleşiginiň Assosiasiýa ylalaşygyna gol goýmakdan saklanmagy we Orsýetiň, Belarusyň we Gazagystanyň Gümrük Bileleşigine goşulmagy üçin basyş edip gelýär.
XS
SM
MD
LG