Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

ABŞ: Nezirowiçi Bosniýa tabşyrmaly


Birleşen Ştatlaryň kazysy Bosniýanyň tussag lageriniň öňki garawulynyň öz ýurduna ekstradisiýa edilmegini tassyklady. Garawul Bosniýada mundan 21 ýyl ozal bolan uruş döwründe raýat tussaglary gynamak aýyplamalary bilen ýüzbe-ýüz bolar.

Almaz Nezirowiç 1992-nji ýylda Rabik tussag lagerinde serbiýalylary gynamalara sezewar etmekde aýyplanýar.

Bosniýaly resmiler Nezirowiçi lagerdäki ýaragsyz tussaglary ýençmekde, kemsitmekde we bedenlerine şikes ýetirmekde aýyplaýarlar.

Sudýa Nezirowiçiň ekstradisiýa edilip bilinjekdigini aýdyp, onuň sud işi baradaky dokumenti ABŞ-nyň döwlet sekretary Jon Kerriniň garamagyna ugratdy. Jon Kerri Nezirowiçiň sud edilmegi üçin Bosniýa ekstradisiýa edilip-edilmejegi barada soňky netijä geler.

Nezirowiç mundan 15 ýyl ozal Birleşen Ştatlaryna göçüpdi.
XS
SM
MD
LG