Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Owganystanda saýlaw resmisi öldürildi


Owganystanyň demirgazygyndaky Gunduz şäherinde owgan saýlaw komissiýasynyň resmisi öldürildi.

Gunduz welaýatynyň garaşsyz saýlaw komissiýasynyň ýolbaşçysy Amanullah Amana çarşenbe güni motosikletli iki adam tarapyndan ýaragdan ot açylypdyr we ol keselhana äkidilenden gysga wagt soň aradan çykypdyr.

Ýerli polisiýa ofiseri Abadullah Talwar kanun çykaryjy organlaryň Amany gorag bilen üpjün etmegi teklip etmegine garamazdan, onuň şäherde köplenç janpenasyz aýlanýandygyny aýtdy.

Bu hüjümiň jogapkärçiligini henize çenli hiç kim öz üstüne almady, emma “Talyban” hereketi Gunduz welaýatynda işjeň iş alyp baryp, ilatyň öňümizdäki ýylda geçiriljek saýlawlara gatnaşmagyna garşy duýduryş berýär.

Şu aýyň başynda owgan resmileri 2014-nji ýylyň 15-nji aprelinde geçirilmegi planlaşdyrylýan prezidentlik saýlawlary üçin dalaşgärligini hödürlejek kandidatlary hasaba alyp başlady.
XS
SM
MD
LG