Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Siriýa Moskwa “täze delilleri” berdi


Siriýanyň daşary işler ministri Walim al-Muallem (sagda) Russiýanyň daşary işler ministriniň orunbasary Sergeý Rýabkow. Damask. 17-nji sentýabr, 2013 ý.
Siriýanyň daşary işler ministri Walim al-Muallem (sagda) Russiýanyň daşary işler ministriniň orunbasary Sergeý Rýabkow. Damask. 17-nji sentýabr, 2013 ý.
Russiýanyň daşary işler ministriniň orunbasary Sergeý Rýabkow Siriýanyň hökümetiniň, 21-nji awgustda Damaskyň etegindäki himiki hüjümi, hamana, gozgalaňçylaryň amala aşyrandygyny subut edýän maglumatlary Moskwa gowşurandygyny aýdyp, çykyş etdi.

Damaskda Siriýanyň daşary işler ministri Walim al-Muallem bilen geçiren gepleşiklerinden soň, Rýabkow: “Bize [Damaskyň hödürlän maglumatlarynyň esasynda] himiki hüjümi gozgalaňçylaryň amala aşyrandygyny esaslandyryp bolýandygyny aýtdylar” diýip tekrarlady.

Rus diplomaty Siriýanyň hödürlän materiallarynyň Moskwa tarapyndan “içginden öwreniljekdigini” hem nygtap geçdi.

Şeýle-de Rýabkow Moskwanyň BMG-niň himiki hüjüm bilen bagly ýaýradan hasabatyndan lapynyň keç bolandygyny, şeýle-de raportyň “syýasylaşdyrylan, ýüzgörüjilikli we birtaraplaýyn bolandygyny” öňe sürdi.

Günbatar döwletleri BMG-niň hasabatynyň Damaskyň etegindäki himiki hüjümi Siriýanyň hökümet güýçleri tarapyndan edilendigini görkezýändigini nygtaýarlar. Emma Kreml 1 müň 400 töweregi adamyň ölümine sebäp bolan şol hüjümi gozgalaňçylaryň “prowokasiýa” hökmünde gurnap, daşardan harby güýçleri getirmekçi bolandyklaryny öňe sürmegi dowam etdirýär.

Gepleşikler

Edil häzir Rýabkow Damaskda geçen hepde Ženewada Siriýanyň himiki ýaraglaryny ýok etmek boýunça gelnen halkara ylalaşygyň jikme-jikligini maslahat edýär.

Bu ylalaşygyň üsti bilen ABŞ-nyň Siriýa garşy amala aşyryp biljek harby hüjüminiň öňüni almak maksat edinilýär. Günbatar döwletleri zarin gazyny Başar al-Assadyň režiminiň ulanandygyny aýdýarlar. Waşington muňa çäre hökmünde Siriýa režimine garşy çäkli harby hüjümi geçirmekçi boldy.

Sişenbe güni BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşiniň hemişelik agzalarynyň wekilleri Siriýanyň himiki ýarag arsenalyny ýok etmek boýunça Waşingtonyň we Moskwanyň gelen ylalaşygyny maslahat etdiler. Emma maslahatyň dowamynda belli bir öňegidişligi gazanmak başartmady. Gepleşikleriň nobatdaky tapgyry çarşenbe güni hem dowam eder.

"Temmi"

Sişenbe güni bolan gepleşikleriň öňüsyrasy Siriýanyň ”Milli koalisiýasynyň” prezidenti Ahmad al-Jarba BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşine ýüzlenip, agzalýa hüjümi gurnanlygy üçin Başar al-Assadyň temmisiz galdyrylmaly däldigini aýtdy.

Jarba: “Biz 21-nji asyryň taryhynda biriniň halkara derejesinde gadagan edilen ýaraglary ulanyp, munuň-da jezasyny çekmän oturmagyny islämzok. Biz adam ykballary bilen bagly meseläniň deňinden bir ýurduň parlamentiniň garşy durmagy ýa-da [BMG-niň] Howpsuzlyk Geňeşiniň ýaýdanjy zerarly sowa geçilmegini islemeýäris. Howpsuzlyk Geňeşi global parahatçylyk we durnuklylyk üçin jogapkärdir” diýdi.

Fransiýa, Britaniýa we ABŞ kabul ediljek rezolýusiýada harby çäräni görmek mümkinçilikleriniň hem göz öňünde tutulmagyny isleýärler.

Emma Rýabkow öz çarşenbe günki çykyşynda Siriýanyň garşysyna BMG-niň çarteriniň harby hüjüme ýol açýan 7-nji maddasyny ulanmaga “hiç hili esasyň ýokdugyny” öz hökümetiniň adyndan ýene-de bir gezek tekrarlady.
XS
SM
MD
LG