Sepleriň elýeterliligi

Hameneýiniň tutumy ýumşan ýaly


Eýranyň baş ruhany lideri aýatolla Ali Hameneýi (ç) we prezident Hassan Rohani (s), Tähran.

Eýranyň baş ruhany lideri aýatolla Ali Hameneýi (ç) we prezident Hassan Rohani (s), Tähran.

Eýranyň baş ruhany lideri aýatolla Ali Hameneýi ýurduň gapma-garşylykly ýadro programmasy boýunça dünýäniň güýçli ýurtlary bilen gepleşikleriň çeýe bolmagynyň tarapdarydygyny duýdurdy.

Eýranyň baş ruhany lideri aýatolla Ali Hameneýi barlyşyksyz we çeýe bolmadyk berk syýasatyň tarapdary hökmünde öz ýakasyny tanadan ýolbaşçy. Emma ol halkara diplomatik gatnaşyklaryna degişli meselede öz pozisiýasyny ýumşadana meňzeýär.

“Men dogry diplomatik hereketlere garşy däl. Men mundan birnäçe ýyl ozal gahrymançylykly çeýelik diýlen düşünjä ynanýaryn” diýip, Hameneýi 17-nji sentýabrda Eýran rewolýusiýasynyň ”Sakçylar gwardiýasynyň” öňünde eden çykyşynda aýtdy. Bu barada Eýranyň metbugaty habar berdi.

Hameneýi Tähran öz prinsiplerine daýanýan bolsa, bu taktika “gaty gowudyr we zerurdyr” diýip öz pozisiýasyny ýene-de bir gezek tekrarlady.

Gowulyga umyt

Hameneýiniň bu çykyşy Günbatar bilen gatnaşyklary gowulandyrmagy we Tähranyň ýadro programmasyny has aýdyňlaşdyrmagy wada beren prezident Hassan Rohaniniň halkara arenasynda öz diplomatik tagallalaryny güýçlendirmegine goldaw hökmünde kabul edildi.

Prezident Rohaniniň we daşary işler ministri Mohammad Jawad Zarifiň indiki hepdede BMG-niň Baş Assambleýasynda diplomatik gepleşikler boýunça beýleki ýurtlaryň edýän tagallalaryna goşulmagyna garaşylýar.

Käbir günbatarly habar serişdeleri Rohaniniň ABŞ-nyň prezidenti Barak Obama bilen duşuşmagy ähtimal diýen çaklamalary hem öňe sürýärler. Obama ýakynda iki ýurduň prezidentleriniň özara hat alşandyklaryny mälim etdi.

Gepleşikleriň boljagy tassyklanmady

Emma Eýranyň Daşary işler ministrliginiň metbugat wekili Marzieh Afkhamyň sişenbe güni aýtmagyna görä, Eýranyň resmileriniň Birleşen Ştatalara etjek saparynyň gün tertibinde şeýle duşuşyk göz öňünde tutulmaýar.

Marziýeh Afkham Obamanyň Rohanini saýlawlardaky ýeňiş bilen gutlap hat iberendigini aýtdy, emma Rohaniniň ABŞ bilen göni gepleşik geçirmegine Hameneýiniň rugsat berendigini tassyklamady.

15-nji sentýabrda Ak tamyň metbugat wekili Jaý Karneý Obama bilen Rohaniniň arasynda gepleşik geçirilmeginiň göz öňünde tutulmaýandygyny aýtdy. Olaryň ikisiniň-de BMG-niň Baş Assambleýasynda bir günüň dowamynda çykyş etmegi planlaşdyrylýar.

ABŞ-Eýran gatnaşyklary

Jaý Karneýiň aýtmagyna görä, ABŞ Eýranyň ýadro krizisinden umumy çykalga tapmak meselesinde Rohani bilen işleşmäge taýýar.

Rohaniniň iýul aýyndaky saýlawlarda ýeňiş gazanmagy we onuň dünýä ýurtlary bilen gepleşikleri janlandyrmagy wada bermegi ýadro krizisinden çykalganyň tapyljagyna we Eýranyň ABŞ bilen gatnaşyklarynyň gowulanjagyna umytlary güýçlendirdi.

Iki ýurduň diplomatik gatnaşyklary 1979-njy ýylda yslam rewolýusiýasynyň dowamynda ABŞ-nyň Tährandaky ilçihanasynda 52 diplomatyň zamun alynmagyndan soň kesilipdi.

Analitikler Obama bilen Rohaniniň ýakynda özara hat alyşmaklaryny iki ýurduň arasyndaky duşmançylygy ýok etmek ugrunda kiçi-de bolsa, möhüm ädim diýip atlandyrdylar.

ABŞ Eýrany ýadro ýaragyny edinmek üçin gizlin iş alyp barýanlykda aýyplaýar. Tähran bu aýyplamalary ret edýär.

Hameneýi 17-nji sentýabrda eden çykyşynda ýurduň ýadro ýaragyna eýe bolmaga synanyşmaýandygyny ýene-de nygtady.
XS
SM
MD
LG