Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Şabuns: Bäş ýyl garaşdyran pasportymy aldym


Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugy, Aşgabat.
Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugy, Aşgabat.
Türkmenistanyň raýatlarynyň biometriki pasport almagyna degişli kynçylyklaryň entek aradan aýrylmandygy barada habar berilýär. Kynçylyklara ilkinji nobatda daşary ýurtlarda işleýän, okaýan, daşary ýurduň raýatlary bilen durmuş guran ýa-da daşary ýurtlara göçüp gitmekçi bolýan adamlar duçar bolýarlar. Pasport meselesinde dowam edýän problemalar bilen bir wagtda käbir özgerişlikler hem göze ilýär. Aşgabatly graždan aktiwisti, Türkmenistanyň we Orsýetiň raýaty Natalýa Şabuns bäş ýyl garaşyp, täze türkmen pasportyna eýe boldy. Natalýa Türkmenistanyň biometriki pasportyna geçiş düzgüni işe girizilen badyna ilkinji bolup dokument tabşyran raýatlaryň biridi.

Azatlyk Radiosy Natalýa Şabunsyň pasport almak bilen bagly tejribeleri bilen içgin gyzyklandy.

Azatlyk Radiosy: Natalýa, siz täze türkmen pasportyny, bäş ýyl garaşyp, aldyňyz. Siz ony nädip alandygyňyz barada gürrüň berseňiz?

Natalýa Şabuns: Men iýul aýynyň ortalarynda Orsýetden Türkmenistana gaýdyp baranymda, türkmen-ors goşa raýatlaryna pasportlar eýýäm berlip başlanypdy. Men berilýärkä alyp galaýyn diýip Migrasiýa gullugyna ýüzlendim. Bilýäňizmi, Türkmenistanda gowulyga duş geleňde, muny aýratyn belläp geçesiň gelýär.

Men Aşgabadyň Migrasiýa gullugynda pasport almagymyň örän tertipli we ýeňil geçendigini aýdasym gelýär. Pasport almak üçin belli bir düzgün göz öňünde tutulypdyr. Dokument tabşyrmak üçin gije baryp talon almalydy, her gije sagat 12-de ertirki gün üçin talon berýärdiler. Bilşime görä, bu düzgün bir ýarym aýa golaý wagtlap dowam etdirildi. Men baranymda, dokumentleri kabul edýän äpişgeleriň ählisi işleýärdi. Käbir aladaly ýagdaýlar hem bardy, olar doldurylan dokumentlerde ýalňyşlaryň goýberilmegi bilen baglydy.

Azatlyk Radiosy: Natalýa, siziň täze pasport üçin dokumentleriňizi tabşyranyňyzdan bäri bäş ýyl geçipdir. Migrasiýa gullugyna baranyňyzda, size näme diýdiler?

Natalýa Şabuns: Men bäş ýyl bäri garaşýan pasportymy almak isleýändigimi aýdanymda, Migrasiýa gullugynyň işgäri gidip maslahatlaşyp geldi-de, siziň pasportyňyz ýok, ol ýok edilipdir, siz indi gaýtadan dokument toplamaly diýip jogap berdi. Meniň ikinji sapar nobata durmazlygym üçin maňa talon berdiler. Meni begendiren zat, menden pasport üçin döwlet salgydyny almadylar. Meniň bäş ýyl mundan ozal tölän salgydym güýjüni saklapdyr.

Azatlyk Radiosy: Siz dokumentleri gaýtadan tabşyryp, pasporta näçe wagt garaşdyňyz?

Natalýa Şabuns: Iki hepdä golaý wagtdan soň men pasport aldym. Ýöne men Migrasiýa gullugyna ozalky ýagdaýlary hem ýatlatdym. Pasportymyň iki hepdäniň dowamynda taýýar bolmagyny men dokumentleri ikinji sapar tabşyrandygym bilen baglanyşdyrýaryn.

Azatlyk Radiosy: Pasport almak üçin hem nobatlar uly boldumy?

Natalýa Şabuns: Olaryň akymy bir bolupdy. Aşgabadyň Migrasiýa gullugy hatda sagat 11-e çenli işleýärdi, günde 400-500 adamyň kabul edilendigi barada aýdylýar. Işgärleriň-de doly güýjünde işländigini belläsim gelýär. Emma soňky aýda dokument tabşyran tanyşlarym Migrasiýa gullugynda düzgüniň gowşandygyny, işgärleriň käte özlerini gödek alyp barýandygyny aýdýarlar. Üstesine, pasporty taýýarlamak üçin wagt möhleti-de düşündirilmezden uzaldylypdyr. Meniň köp tanyşlarym bir aýdan gowrak wagt bäri pasportlaryna garaşýarlar. Olar örän aladalanýarlar, sebäbi Migrasiýa gullugy olara hiç hili düşündiriş bermeýär. Lebaply tanyşlarymyň ýagdaýy hasam agyr, olar iýul aýynda ýüz tutup, oktýabr aýyna nobata ýazylypdyrlar.

Azatlyk Radiosy: Şeýle kynçylyga diňe goşa raýatlygy bar adamlar duçar bolýarlarmy?

Natalýa Şabuns: Goşa raýatlygy bolan adamlaryň käbiri pasport alýar, käbirleri almaýar. Emma bir raýatlygy bolanlar pasporty has aňsat alyp bolýandygyny aýdýarlar. Emma bu ýerde ýene bir uly problema bar. Türkmenistandan bütinleý göçüp gidýän adamlaryň köpüsi, adatça, türkmen pasportyny täzelemeýär. Emma olar ýurtdan çykjak bolanda, kynçylyklara uçraýarlar. Häkimiýetler olardan pasportyny çalyşmagy talap edip, yrsaraýarlar.
XS
SM
MD
LG