Sepleriň elýeterliligi

Şabuns: Jaylar ýykylar, diýen aladalar bar


Gurluşyk işleri, Aşgabat,17-nji iýul, 2013.

Gurluşyk işleri, Aşgabat,17-nji iýul, 2013.

Aşgabat şäherinde dörän ençeme täze binalar ýaşaýyş jaýlaryň ýerinde guruldy. Şonda adamlar oturan ýerlerinden mejbury göçürildiler. Ýurtda ägirt uly gurluşyklaryň alnyp barylýan döwründe bu ýagdaý ýurduň beýleki ýerlerinde-de gaýtalanýar. Şu sebäpli ýurduň häkimiýetleri paýtagtyň görküni täzelemeklige gönükdirilen gurluşyk syýasatyny ýöredýärkä, ýerli ýaşaýjylar gurluşyk planlarynyň öz durmuşyna ýetirip biljek täsirinden howatyrlanýarlar.

Şu günler Aşgabadyň ýaşaýjylaryny nämeler aladalandyrýar?

Aşgabadyň ýaşaýjysy we graždan aktiwisti Natalýa Şabuns Azatlyk Radiosyna şeýle gürrüň berdi: “Öz jaýlaryny satmak isleýän adamlar käte satyp bilmeýärler. Sebäbi Aşgabady doly täzeden gurmak boýunça plan bar diýen gürrüňler häzirki wagtda ýaýrap barýar.

9-njy mikroraýonyň ýaşaýjylarynyň 2017-nji ýyla çenli häzirki oturan jaýlaryndan göçüriljekdigi barada maglumatlar bar. Şeýle gürrüňler 30-njy mikroraýonda hem edilýär. Ýakyn wagtda Howdan (Guruhowdan) raýonynda bäş gatly jaýlaryň ýykyljakdygy, adamlara bolsa Mir-7 mikroraýona golaý ýerden jaý berilmeginiň ähtimaldygy barada hem giňden gürrüň edilýär.

Men Mir-2 mikroraýonda ýaşaýaryn. Soňky günlerde bu mikroraýonda ýerleşýän, [ýagny häzirki wagtda] gurulýan Olimpiýa şäherçesiniň garşysyndaky, bäş gatly we hatda dokuz gatly jaýlary ýykmak boýunça planyň bardygy baradaky gürrüňler aladalanmalary hasam güýçlendirdi. Bu şeýle bolsa, akyl-paýhasa ters gelýän bir zat bolardy. Sebäbi hut şu jaýlar tutuş Aşgabat boýunça seýsmiki taýdan iň berk jaýlar hasaplanýar.

Häzirlikçe bu barada diňe il içinde gürrüň edilýär. Aýratynam soňky iki hepdäniň dowamynda adamlar örän aladaly. Bu ýagdaýda öň hyrydarlary köp bolan jaýlar indi satylmaýar.

Men aýdylýan bu zatlaryň durmuşa geçirilmejegine umyt baglaýaryn. Sebäbi abat we berk jaýlary ýykmak akyl-paýhasa hiç bir tarapdan gabat gelmejek zat bolardy. Aşgabatda, ýykylyp täzeden guruljak bolsa, köne, çagşan jaýly ýerler-de köp. Ýykyljak diýlip gürrüňi edilýän mikroraýony bolsa täze diýip atlandyrmak-da mümkin. Arhitekturasy gowy jaýlar üçin 20 ýyl asla hiç zatdyr”.

XS
SM
MD
LG