Sepleriň elýeterliligi

Eýran: Syýasy tussaglar goýberildi


Adam hukuklaryny goraýan toparlar, şol sanda “Amnesty International” Eýranda onlarça syýasy tussagyň boşadylmagyny gowy garşylady.

Azatlyga goýberilen şol syýasy tussaglaryň arasynda meşhur adam hukuklaryny goraýan aklawçy Nasrin Sotoudeh we reformist syýasatçy Mohsen Aminzadeh hem bar.

Gürrüňi edilýän tussaglar howpsuzlyk aýyplamalary bilen türme tussaglygyna höküm edilipdiler. Eýranda aktiwistlere köplenç şeýle aýyplamalar ýöňkelýär.

Syýasy tussaglaryň azatlyga goýberilmegi Eýranyň prezidenti Hassan Rohaniniň Birleşen Milletler Guramasynyň Baş assambleýasyna gatnaşmak üçin Nýu-Ýorka gitmezinden bir hepde öň amala aşyryldy.

Adam hukuklaryny goraýan “Amnesty International” guramasynyň Ýakyn Gündogar we Demirgazyk Afrika boýunça başlygynyň orunbasary Hassiba Hadj Sahraui “Sotoudeh we beýlekileriň azatlyga goýberilmegi Eýranyň adam hukuklary syýasatynda we ýolbaşçylaryň parahat aktiwistler hem-de tankytçylar bilen göreşmek usulynda möhüm öňe gidişikler” diýip bellenilmeli diýdi.

Ýogsa-da, Sahraui muny BMG-niň maslahatyndan öň jemgyýetiň pikirini üýtgetmek üçin edilen bir gözboýagçylyk hökmünde häsiýetlendirip bolar diýýär.
XS
SM
MD
LG