Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Assad: Himiki ýaraglar ýok ediler


Siriýanyň prezidenti Başar al-Assad Birleşen Ştatlar bilen Russiýanyň arasynda Damaskyň himiki ýaraglaryny halkara jemgyýetiniň gözegçilgine geçirmek barada gelnen ylalaşygyny hökümetiniň ýerine ýetirjekdigini aýtdy.

Ýöne Assad Siriýanyň himiki ýaraglaryny ýok etmegiň 1 milliard amerikan dollaryna barabar boljakdygyny we ony ýok etmegiň 1 ýyla çekjekdigini belledi.

Şeýle-de, Assad çarşenbe güni “Fox news” telewideniýesine beren interwýusynda BMG-niň geçen aý Siriýada zarin gazly hüjümleriň edilendigi barada “anyk we ynandyryjy delilleriň" tapylandygy baradaky raportynyň “hakykat däldigini” aýdýar.

Assad 21-nji awgustda Damaskyň eteginde bolan hüjümleriň arkasynda özüniň hökümet güýçleriniň ýokdugyny ýene bir sapar belledi.

Mundan ozal Russiýanyň daşary işler ministri Sergeý Lawrow awgust aýynda Ghoutadaky bolan hüjümleriň arkasynda söweşijileriň bardygy barada Moskwa delilleriň gelip gowşandygyny aýdypdy.

Şeýle-de, Lawrow russiýaly resmileriň delilleri ýakynda BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşine hödürlejekdigini belläpdi.
XS
SM
MD
LG