Sepleriň elýeterliligi

Kosowa: EULEX-iň agzasy öldürildi


Ýewropa Bileleşiginiň Kosowadaky kanunyň dolandyrylyşy missiýasy, ýagny EULEX penşenbe güni serbleriň agdyklyk edýän regionynda guramanyň bir agzasynyň ýaragdan atylyp öldürlendigini habar berýär.

EULEX-iň ýaýradan beýanatynda bellenmegine görä, gündelik edýän işlerini ýerine ýetirmek üçin guramanyň alty işgärini äkidip barýan ulaga ýaragdan ot açylypdyr. Bu waka Kosowanyň Mitrowisa şäheriniň golaýyndaky Zweçan regionynda bolupdyr.

Beýanatda bellenmegine görä, bu wakanyň netijesinde EULEX-iň bir işgäri ölüpdir.
Kosowanyň polisiýa ofiserleri Azatlyk Radiosyna beren maglumatynda wakada pida bolanyň litwalydygyny tassykladylar.

EULEX bu waka barada derňewleriň başlandygyny we sebitiň gorag astyna alnandygyny habar berýär.
XS
SM
MD
LG