Sepleriň elýeterliligi

Owganystan: Polisiýa ofiserleri öldürildi


Owganystanyň demirgazygyndaky Badahşan welaýatynda “Talyban” hereketi polisiýanyň ulag kerwenine duzak gurdy. Şol wakanyň netijesinde “Talyban” hereketi 10 polisiýa ofiserini öldürdi we başga-da 15-20 töweregini alyp gaçdy.

Badahşan welaýatynyň dolandyryjy ýolbaşçysy Dawlat Mohammadyň berýän maglumatyna görä, bu waka çarşenbe güni Wardoj etrabynda polisiýanyň operasiýalary geçiren mahaly ýüze çykypdyr.

Owganystanyň Içeri işler ministrligi gürrüňi edilýän hüjümiň bolandygyny tassyklap, wakada adam ýitgileriniň bolandygyny belledi. Emma ministrlik polisiýa ofiserleriniň “Talyban” hereketi tarapyndan alnyp gaçylandygyny ret etdi.

Bu hüjümiň jogapkärçiligini “Talyban” hereketi öz üstüne aldy.

Şu hepde owgan mediasy, Wardoj etrabyndan “Talyban” hereketiniň söweşijilerini we “köpmilletli terrorist şäriklerini” arassalamak üçin Badahşan welaýatynda polisiýanyň operasiýalary geçirýändigini habar beripdi.
XS
SM
MD
LG