Sepleriň elýeterliligi

Özbek talyby kursdaşlaryny pyçaklady


Özbegistanyň günortasyndaky mugallymçylyk uniwersitetiniň talyby öz kursdaşlarynyň dördüsini pyçaklap, olaryň birini öldürmekde we beýleki üçüsini ýaralamakda aýyplanýar. Bu waka Kaşgaderýa welaýatyndaky pagta ýygym meýdanynda ýüze çykdy.

Kaşgaderýa regionynyň saglygy saklaýyş bölüminiň resmileri çarşenbe güni giçlik Azatlyk Radiosyna beren maglumatynda, wakanyň duşenbe güni talyplaryň öz arasynda dörän dawanyň netijesinde bolandygyny mälim etdiler.

Bu şu aýyň dowamynda Özbegistanyň Kaşgaderýa regionyndaky pagta ýygym meýdanynda soňy ölüm bilen tamamlanan ikinji wakadyr.

9-nji sentýabrda agzalýan regionda ýokary okuw jaýynyň bir talyby elektrik liniýasyny ellemegi netijesinde aradan çykypdy.

Adam hukuklaryna gözegçilik edýän toparlar eýýäm ençeme ýyl bäri özbek resmilerini mekdep okuwçylaryny we ýokary okuw jaýynyň talyplaryny pagta ýygmaga mejbur etmekde aýyplaýarlar.
XS
SM
MD
LG