Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Eýran: Syýasy tussaglaryň boşadylmagy makullandy


Adam hukuklaryny goraýjy aklawçy Nasrin Sotoudeh adamsy we çagalary bilen, Tähran, 18-nji sentýabr, 2013.
Adam hukuklaryny goraýjy aklawçy Nasrin Sotoudeh adamsy we çagalary bilen, Tähran, 18-nji sentýabr, 2013.
Adam hukuklaryny goraýjy toparlar, şol sanda Amnesty International topary Eýranda onlarça syýasy tussagyň azatlyga goýberilmegini oňlap çykyş etdiler.

Tussaglykdan boşadylanlaryň arasynda adam hukuklaryny goraýjy meşhur aklawçy Nasrin Sotoudeh we reformaçy syýasatçy Nohsen Aminzadeh hem azatlyga çykdylar. Boşadylan tussaglara howpsuzlyga degişli aýyplamalar esasynda iş kesilipdi. Eýranda şeýle aýyplamalar, adatça, graždan aktiwistlerine garşy ulanylýar.

Syýasy tussaglar Eýranyň prezidenti Hassan Rohaniniň Nýu Ýorka saparynyň öňüsyrasynda boşadyldylar. Rohani indiki hepdede Birleşen Ştatlara sapar eder we BMG-niň Baş Assambleýasynyň maslahatyna gatnaşar.

Amnesty International guramasynyň Ýakyn Gündogar we Demirgazyk Afrika regionlary boýunça müdiriniň orunbasary Hassiba Hadj Sahraoui Sotoudehiň we beýlekileriň tussaglykdan boşadylmagynyň “Eýranyň adam hukuklary, şeýle-de parahatçylykly göreş ýolundan ýöreýän aktiwistler we tankytçylar babatyndaky syýasatynda düýpli özgerişlik” hökmünde bellenmelidigini aýtdy.

Hassiba Hadj Eýranyň bu ädimine ýurduň BMG-niň duşuşygynyň öňüsyrasyndaky syýasy pirimi hökmünde garalmak ähtimallygyny hem aradan aýyrmaýar.

Syýasy bendiler

Eýranyň habar serişdeleri çarşenbe güni Sotoudeh bilen bilelikde 11 çemesi syýasy tussagyň boşadylandygyny habar berdiler.

Olaryň ählisi 2009-njy ýylda Mahmud Ahmadinejadyň gaýtadan prezident saýlanmagyna getiren gapma-garşylykly saýlawlar bilen baglylykda hökümete garşy geçirilen protestleriň netijesinde tussag edilipdi.

Eýranda adam hukuklaryny goraýjy halkara topary beýannama ýaýradyp, syýasy tussaglaryň boşadylmagyny oňlady we Rohanini BMG-däki çykyşynyň öňüsyrasynda ýurtda “adam hukuklary bilen bagly ýagdaýy” gowulandyrmak ugrunda takyk ädimleri dowam etdirmäge çagyrdy.

Nasrin Sotoudeh

Nasrin Sotoudeh tussaglykdan çykan badyna “Frans Press” agentligine interwýu berip, “ýagdaýynyň gowudygyny” we özüniň adam hukuklaryny goramak işini dowam etdirmekçidigini aýtdy.

Sotoudeh meşhur adamlary, şol sanda Parahatçylyk boýunça Nobel baýragynyň laureaty Şirin Ebadini goranlygy bilen halkara derejesinde tanalýar.

Nasrin Sotoudeh 2010-njy ýylda tussag edilipdi we şol ýylyň dowamynda howpsuzlyga garşy hereket etmekde aýyplanyp, alty ýyl türme tussaglygyna höküm edilipdi.

Şonda ABŞ-nyň prezidenti Barak Obama onuň tussag edilmegini eýran häkimiýetleriniň gorkusynyň alamaty diýip atlandyrypdy.

2012-nji ýylda Ýewropa Bileleşigi Nasrin Sotoudehi eýranly kinorežissýor Jafar Panahi bilen bilelikde Parahatçylyk ugrundaky halkara Saharow baýragy bilen sylaglapdy.

Ýewropa Parlamentiniň agzasy, öz wagtynda Sotoudehiň Ýewropa Bileleşiginiň baýragy bilen sylaglanmagyny goldan Marietje Şaake Azatlyk Radiosy bilen söhbetdeş bolup, eýranly aklawçynyň boşadylmagyny eýran resmileriniň ýurtda adam hukuklaryna hormat goýmak barada berýän wadalarynda tapylmagyna tarap möhüm ädim diýip atlandyrdy.

ABŞ-nyň Döwlet departamentiniň metbugat wekiliniň orunbasary Marie Harf ABŞ-nyň Nasrin Sotoudehiň boşadylmagyny oňlaýandygyny aýtdy.
XS
SM
MD
LG