Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Harby gulluk diýlende, näme ýada düşýär?


Türkmenistanda harby gulluga çagyrylanlar goşuna ugraýarlar, Daşoguz.
Türkmenistanda harby gulluga çagyrylanlar goşuna ugraýarlar, Daşoguz.
Türkmenistanda goşun gullugyna güýzki çagyryş yglan edildi. Ýurduň Baş kanunyna we “Harby borç we harby gulluk” baradaky kanuna laýyklykda, oktýabr-dekabr aýlarynyň ýurduň ýaragly güýçlerinden gulluk möhleti dolan esgerler öýlerine goýberilip, 18 ýaşy dolan ýaşlaryň täze topary gulluga alynmaly. Goşuna alynjak esgerleriň sany barada, ozalky ýyllarda bolşy ýaly, bu ýyl hem anyk zat aýdylmady.

Şol bir wagtda türkmenistanly ýaşlar we olaryň ene-atalary goşun gullugyna höwes bildirmeýärler. Harby gullukdan mümkin bolsa sypmak üçin dürli ýollar ulanylýar.

Türkmenistanyň goşunynda gulluk etmek nähili? Azatlyk Radiosy harby gullugy başdan geçiren türkmen ýaşlarynyň pikrileri bilen gyzyklandy.

Gulluk tejribesi

Türkmenistanly Ruslan goşun gullygyny berjaý etmek her bir ýigit üçin peýdaly diýip hasap edýär, emma ol munuň Türkmenistanyň goşunyna degişli däldigini aýdýar. Ol öz pikirini şeýle beýan edýär: “Goşun gullugynyň dowamynda bize hatda ýarag-da berilmeýärdi. Iki ýylyň dowamynda meniň gulluk eden ýerimde esgerler bir gezegem ýarag götermändi. Men awto rotasynda gulluk etdim. Bizi, esasan, gurluşyklara äkidýärdiler. Biziň rotamyz Nebitdagdaky saglyk ýödasynyň gurluşygyna gatnaşdy. Şeýle-de bizi awtoulag parklaryny goramak, şäherdäki otelleriň daşynda gözegçilik etmek ýaly işlere-de çekýärdiler”.

Azatlyk Radiosynyň işgäri, türkmenistanly Merdan özüniň gulluk eden goşun bölüminde berlen harby tälimler barada gürrüň şeýle berdi: “Men Türkmenabat şäherinde ýokary okuwyny gutaranlar üçin seržantlary taýýarlaýan ýörite okuw-türgenleşik merkezinde gullugymyň başky üç aýyny geçirdim. Bize harby sapaklar berilýärdi, ýarag ulanmak tärlerini, taktiki tärleri öwredýäris diýip, sapak berýärdiler. Biz ýaragy söküp-düzüp gördük, ýaraglardan ok hem atyp gördük, ýöne günde-günaşa elimizde ýarag boldy diýsek, ýalňyş bolar”.

Ýatdan çykmajak pursatlar

Ruslanyň Türkmenistanda goşun gullugyndaky ýyllara degişli iň güýçli we ýatdan çykmajak pursaty pagta ýygymy bilen bagly bolupdyr.

Ruslan bu barada, ine, şeýle gürrüň berýär: “Bizi pagta ýygymyna äkidenlerinde, bize iýere zat bermeýärdiler. Bize hatda suw hem berilmeýärdi. Biz aryklardan, kanallardan suw içýärdik, näme tapsak, çem gelen zatlary iýip, iýmitlenýärdik. Bize azyk hökmüde berlen ýeke-täk zat - gowy bişmedik gara çörekdi, onuň içi hemişe çigdi. Bizi atyzlara taşlap gidýärdiler. Ýanymyzda ofiserlerem ýokdy, pagta ýygyma jogapkär graždan adamlar hem ýokdy. Diňe agşamlaryna maşyn gelip, biziň ýygylmaly diýlip, ýygan pagtamyzy gapanda çekip, alyp gidýärdiler. Meniň üçin goşun gullugyna degişli iň erbet pusatlar pagta ýygymy bilen bagly boldy”.

Merdan goşun gullugyndaky iň agyr pusatynyň kemsitmeler bilen bagly bolandygyny ýatlaýar: “Iň agyr pursat özüňden ýokardaky ofiserleriň saňa berk daraşmagy, hiç hili sebäp bolmazdan, esgeriň mertebesini kemsitmegidi. Sen – esger, öz ýeriňi bil diýlerdi. Esger diýip, seniň mertebäňi kemsidýärdiler, erbet sözleri aýdýardylar. Türkmenistanda gulluk diýlende, harby tälim öwrenmek däl-de, köp kişi ejir çekýär ol ýerde. Özüňden uly ofiserler urup-ýençýärler, senden öňräkden gulluk edip ýörenler urup-ýençýärler”.

Harby borjuny ýerine ýetiren türkmenistanlylar harby gullugyň belli bir derejede tejribe bolandygyny belleýärler. Merdan harby gullugyň öz öýüň gadyryny has gowy bildirendigini ýatlaýar.

Türkmenistanda goşun gullugyna ýylyň dowamynda iki sapar çagyryş yglan edilýär. Goşuna çagyrylýan ýaşlaryň we munuň bilen bir wagtda harby gullugy tamamlap, goşundan goýberilýän ýaşlaryň sany barada häli-häzirem habar serişdelerinde halka resmi maglumat berilmän gelýär.
XS
SM
MD
LG